Türkmenistanyň Prezidentiniň makalasy Hytaýyň öňdebaryjy resmi neşirinde çap edildi

MilliInfo

1 Sentýabr, 2025

Hytaýyň «Ženmin Žibao» gazetinde neşir edilen makalasynda Türkmenistanyň Prezidenti tükmen-hytaý gatnaşyklarynyň taryhyny beýan edýär we onuň diýseň möhüm ähmiýete eýedigini hem-de strategiki häsiýetini tassyklaýar.

Indi 30 ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistan we Hytaý Halk Respublikasy Garaşsyz döwletler hökmünde öz gatnaşyklaryny ösdürýärler. Döwletleriň bilelikdäki hereketleri diýseň giň derejede bolup, ol syýasat, ykdysadyýet, energetika hem-de medeniýet ýaly ugurlary öz içine alýar. Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy bilen Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek» strategiýasyny häsiýetlendirip, uly ähmiýetli, giň gerimli bu iki taslamanyň bir-birine ýakyndygyny, filosofik taýdan we iş ýüzünde meňzeşdigini nygtaýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Hytaýyň öňdebaryjy neşirinde çap edilen makalasy Watanymyzyň daşary syýasatda ileri tutýan ugurlaryny toplumlaýyn şöhlelendirýär. Bu ýerde Türkmenistanyň medeni dialogy pugtalandyrmakda we strategiki hyzmatdaşlygy ösdürmekde merkezi halka hökmünde çykyş etmäge synanyşýandygy  tassyklanylýar.

Makalanyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Hytaýyň hakyky dostlar, öz döwletleriniň, bütin adamzadyň ösüşiniň örän möhüm meselelerini çözmekde ygtybarly hyzmatdaşlar hem-de pikirdeşler bolup durýandygyny belleýär we öňde duran ähli wezipeleriň bilelikde ýerine ýetiriljekdigine berk ynam bildirýär.

Makalanyň doly nusgasyny şu ýerden okap bilersiňiz.

 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo