5-nji sentýabrda paýtagtymyzyň «Altyn Zaman» söwda merkezinde sabyrsyzlyk bilen garaşylan «Paul & Shark» monobrend dükanynyň täzelenen konsepsiýadaky açylyş dabarasy boldy. Şeýle hem şol gün ýokary hilli lyuks aýakgaplary özünde jemleýän toplumy bilen tapawutlanýan «Santoni», «Barrett» we nepis saýawanlaryň kolleksiýasyny hödürleýän «Marchesato» multibrend dükanlary-da açyldy.
Dabaranyň myhmanlary ilkinji bolup «Paul & Shark» brendiniň täze kolleksiýasy bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar hem-de özboluşly stili ykjamlyk bilen sazlaşdyrýan dükanyň döwrebap içki bezegine ýokary baha berdiler. Açylyş dabarasynyň atmosferasy ýakyma we dostluga beslendi: myhmanlara brendler bilen ýakyndan tanyşmaga, soňky moda ugurlary barada pikir alyşmaga we ýeňil furşetden lezzet almaga mümkinçilik döredildi.
Bu çäre moda we stil çözgütlerine ýokary baha bermegi başarýanlary bir ýere jemläp, «Altyn Zaman» söwda merkeziniň öz müşderilerine eksklýuziw brendler bilen birlikde, özboluşly tejribäni hödürlemegi maksat edinýändigini ýene bir gezek tassyklady. Täze açylan multibrend dükany lyuks aýakgaplary we aksessuarlary bilen tapawutlanyp, nepis stiliň ygrarly muşdaklary üçin aýratyn giňişlik döredýär.
Çäräniň guramaçylary ähli moda muşdaklaryny täzelenen dükany görmäge hem-de onuň hödürleýän bezegli we ylham beriji atmosferasyndan bilelikde lezzet almaga çagyrýarlar.