Stil, berklik we ykjamlyk: «Perwana Optika» 1000-den gowrak äýnek çarçuwasyny hödürleýär

MilliInfo

«Perwana Optika» dükanynda önümleriň görnüşleri toplumlaýyn täzelendi — häzirki wagtda bu ýerde uly adamlar, ýetginjekler we çagalar üçin müňden gowrak äýnek çarçuwalary (oprawalary) bar. Indi gündelik ulanmak üçin uniwersal modellerden başlap, sport bilen meşgullanmaga niýetlenen professional görnüşlere çenli — islendik maksatlar üçin iň kämil äýnekleri saýlap bilersiňiz.

Alyjylar üçin bütin maşgala agzalaryna niýetlenen döwrebap çarçuwalaryň 6 görnüşi hödürlenýär:

Asetatdan ýasalan çarçuwalar: Ol adaty plastikden has ýeňil we dykyzdyr. Bu material temperaturanyň üýtgemelerine örän çydamly: çarçuwalar sowukda jaýrylmaýar we uzak wagtlap ulanylanda hem öz görnüşini hem-de ýalpyldysyny saklaýar.

Titan çarçuwalar: Ähli ýaşdakylar üçin elýeterli. Titan özüniň gipoallergenligi (allergiki täsir döretmeýänligi) we berkligi bilen gymmatlydyr. Beýle äýnekleri döwmek mümkin däl diýen ýaly — hatda tötänleýin üstüne bassaňyz ýa-da gaçyrsaňyz hem olara zeper ýetmez.

Çagalar üçin silikon modeller: Körpeler üçin iň çeýe we howpsuz nusga. Çarçuwalar örän elastik bolup, işjeň oýunlar wagtynda döwülmeýär hem-de dürli şekillerde we reňklerde hödürlenýär.

Klassiki metal: Çagalar we uly adamlar üçin ygtybarly metal çarçuwalar. Olaryň nepis dizaýny we uzak ömürliligi islendik obraz üçin uniwersal nusga bolmagyny üpjün edýär.

Sport çarçuwalary: Woleýbol, futbol, basketbol we beýleki işjeň sport görnüşleri üçin ýöriteleşdirilen modeller. Silikon binýady we gyralaryndaky ýumşak goragy arkaly şikes ýetme howpuny azaldýar: hatda top degen ýagdaýynda hem bu äýnek ýüzüňizi we gözleriňizi şikeslerden goraýar.

«Anti-fog» ulgamly ýüzüş äýnekleri: Linzalaryň ýörite örtügi bugarmagyň öňüni alyp, suwuň aşagynda hem aýdyň görüşi üpjün edýär.

Uzak ulandyrmak mümkinçiligi we hyzmat

Ähli modelleriň möhüm aýratynlygy olaryň amaly mümkinçilikleri bilen baglydyr: çarçuwalardaky linzalary birnäçe gezek çalşyp bolýar, zerurlyk dörän ýagdaýynda bolsa çarçuwalaryň özüni tehniki taýdan abatlamak mümkinçiligi hödürlenilýär.

Ähli önümler göni Italiýadan, Koreýadan we Hytaýdan getirilýär, bu bolsa dürli stilleriň we ýokary hilli ýygnama işleriniň kepilligidir.

00:00 / 00:00

480p

360p
480p

Peýdaly sowgat: «Perwana Optika» dükanyndan islendik çarçuwany satyn alanyňyzda, äýnek gaby (futlýar) we linzalara ideg etmek üçin ýörite süpürgiç sowgat berilýär.

Habarlaşmak üçin:

Telefon: 41-40-42, +99361923882

Instagram: @perwana_optika

TikTok: @perwana_optika_tm

Salgysy: A.Nyýazow şaýoly (14-nji tapgyr), «Ýaşyl Ýaýla» binasy

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info