Paýtagtymyzda Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň ýaş stol tennisi bilen meşgullanýan türgenleriniň bilelikdäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygy geçirilýär. Türkmen zehinleri meşhur Ural magdan-metallurgiýa kompaniýasynyň sport klubunda tälim alan ýaşlar bilen bilelikde kämilleşýärler.
Türgenleşikler Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesindäki döwrebap meýdançada hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň häzirki zaman zalynda ýaýbaňlandyrylýar.
Rus wekiliýetine tälimçi Ilýa Židkowyň ýolbaşçylygyndaky türgenleriň altysy agzalyk edýär.
«Howa menziline gelip düşenimizden Aşgabadyň gaýtalanmajak gözelligi bizi haýrana goýdy. Biz türgenleşik zallarynyň birnäçesinde bolduk we olar hakyky köşgi ýadyňa salýar» — diýip, türkmen paýtagtynyň binagärlik aýratynlyklaryna haýran galan Ural magdan-metallurgiýa kompaniýasynyň sport klubunyň tälimçisi Ilýa Židkow «MilliInfo» saýtynyň habarçysyna beren interwýusynda belledi.
Onuň bellemegine görä, Türkmenistanyň Stol tennisi federasiýasynyň ýolbaşçysy bilen Ural magdan-metallurgiýa kompaniýasynyň geljekde hem bilelikdäki okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny guramak boýunça ylalaşygy hyzmatdaşlygyň barha pugtalandyrýandygyna şaýatlyk edýär.
Oýunlaryň arakesmelerinde ural türgenlerine myhmansöýer Türkmenistan bilen has ýakyndan tanyşlyk hem-de baý we täsirli maksatnama garaşýar.
Dawut Ýakubowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen ýygyndysynyň düzümine täze sport üstünliklerine ymtylýan ýaş türgenleriň 16-sy goşuldy.
Tejribe alyşmakda we ýaşlaryň kämilleşmeginde diýseň möhüm ähmiýete eýe bolan bilelikdäki türgenleşikler 25-nji oktýabra çenli dowam eder.