«Resmi Kepil» müşderileri üçin ätiýaçlandyryş mümkinçiliklerini giňeltmegi we hyzmatdaşlyk ulgamyny kämilleşdirmegi dowam edýär

MilliInfo

22 sagat öň

«Resmi Kepil» müşderileri üçin ätiýaçlandyryş mümkinçiliklerini giňeltmegi we hyzmatdaşlyk ulgamyny kämilleşdirmegi dowam edýär

Awtoulag ätiýaçlandyryş polisini, ozalkysy ýaly, «Resmi Kepil» ätiýaçlandyryş kompaniýasynyň ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndaky ofislerinde resmileşdirip bolýandygyny ýatladýarys. Şeýle hem ýene bir möhüm täzeligi buşlamak isleýäris: «Resmi Kepiliň» «Ak bedew» awtosalony bilen hyzmatdaşlygyň netijesinde, müşderiler täze awtoulag satyn alanlarynda, 10 000 manada çenli çägi (limiti) bolan KASKO ätiýaçlandyryşyna göni şol salonyň özünde eýe bolup bilýärler.

Bu bolsa awtoulag eýelerine ulagy ulanmaga başlan ilkinji gününden ygtybarly ätiýaçlandyryş goragyny üpjün etmäge, wagtyny tygşytlamaga we toplumlaýyn hyzmatlary bir ýerde almaga mümkinçilik berýär.

Şunda «Resmi Kepiliň» müşderileri üçin ätiýaçlandyryş ýagdaýlary ýüze çykanda goldaw bermegiň eýýäm ýola goýlan ulgamy hereketini dowam etdirýär. Ýol-ulag hadysasy bolan ýagdaýynda ätiýaçlandyrylan awtoulaglar hyzmatdaş kärhana bolan «Garagum ulag» hojalyk jemgyýetiniň serwis merkezine ugradylýar. Şol ýerde anyklaýyş, dikeldiş we awtoulagy öňki ýagdaýyna getirmek üçin zerur bolan beýleki işler ýerine ýetirilýär.

Şeýlelikde, kompaniýalaryň hyzmatdaşlygy netijesinde, awtoulaga eýeçilik etmegiň ähli esasy tapgyrlary utgaşdyrylýar: Onuň çäginde «Ak bedew» awtosalonyndan ulag satyn almak, «Resmi Kepil» kompaniýasynda — onuň ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndaky ofislerinde ýa-da göni awtosalonyň özünde ätiýaçlandyryş goragyny resmileşdirmek, zerur bolan ýagdaýynda bolsa «Garagum ulag» serwis merkezinde «Toyota» we «Lexus» kysymly awtoulaglary ýokary hilli dikeltmek mümkinçilikleri bar.

Aýratyn bellenilmeli maglumatlaryň biri-de, KASKO ätiýaçlandyryşy diňe bir «Ak bedew» awtosalonyndan satyn alnan awtoulaglar üçin elýeterli däl. Öz ulagynyň ygtybarly goragyny üpjün etmek isleýän awtoulag eýeleriniň her biri ätiýaçlandyryşyň bu görnüşini resmileşdirip bilerler.

«Resmi Kepil» ätiýaçlandyryş kompaniýasy müşderileri üçin amatly hyzmatlary we hyzmatdaşlyk çözgütlerini ösdürmek boýunça netijeli işlerini dowam etdirýär.

Kompaniýanyň täzeliklerini yzarlaň we täze taslamalar, gyzykly teklipler hem-de göçme emlägiňiziň ygtybarly goragy hakyndaky maglumatlardan ilkinjileriň hatarynda habarly boluň!

Goşmaça maglumat almak we ätiýaçlandyryş polisini resmileşdirmek üçin «Resmi Kepil» ätiýaçlandyryş kompaniýasynyň ofislerine görkezilen telefon belgileri arkaly ýüz tutup bilersiňiz:

  • Aşgabat: 48-46-36 / 48-46-37, +993 62 203 604

  • Mary welaýaty: +993 65 348 346

  • Balkan welaýaty: +993 63 188 207

  • Daşoguz welaýaty: +993 65 057 605

  • Lebap welaýaty: +993 71 580 104 / +993 71 580 105

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info