Ýurdumyzda giňden bellenilen Hasyl toýy mynasybetli Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglygyny dikeldýän hem-de paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan süýjülikler, ýörite baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.
Milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly seneleriň hormatyna Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglygyny dikeldýän çagalara Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan süýjülikleri, ýörite sowgatlary gowşurmak asylly däbe öwrüldi. Çagalar Hasyl toýy mynasybetli iberilen sowgatlary hem hormatly Prezidentimize, Milli Liderimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözleri bilen kabul etdiler.
...Merkezde bejergi alýan çagalara baýramçylyk mynasybetli süýjüliklerdir ýörite sowgatlar gowşurylýan pursatlarynda olara hoşniýetli arzuwlar aýdyldy. Dabarada edilen çykyşlarda Milli Liderimiziň asylly işleriniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilmegi netijesinde Watanymyzyň geljegi bolan çagalaryň ýaşaýşyny, durmuş taýdan goraglylygyny, ruhy we beden taýdan sagdyn ösüşini üpjün etmegiň döwlet syýasatynyň möhüm ugruna öwrülendigi bellenildi.
Paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenilýän çagalara hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Hasyl toýy mynasybetli iberilen süýjülikleriň, ýörite sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy hem ýatda galyjy pursatlara baý boldy. Belent ruha beslenen çykyşlaryň dowamynda dabara gatnaşan çagalar bagtyýar durmuşy peşgeş eden Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga ýüreklerinden joşup çykýan hoşallyklaryny goşgy setirleriniň üsti bilen beýan etdiler. Munuň özi bagtyýar çagalygyň hözirini görýän nesilleriň ýürek joşguny bolup ýaňlandy.
Häzirki döwürde ýaş nesilleriň döwrebap bilim almaklary, olaryň sazlaşykly ösüşi, ukyp-başarnyklaryny açyp bilmekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär. Bu bolsa Watanymyzyň buýsanjy bolan ýaşlaryň nurana geljeginiň berkarar edilýändigini görkezýär.
