Merkezi Aziýa ýurtlary we Russiýa strategiki hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

MilliInfo

17-nji aprelde Moskwa şäherinde «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatynyň daşary işler ministrleriniň dokuzynjy duşuşygy geçirildi. Gün tertibine laýyklykda, duşuşyga gatnaşyjylar geçen ýyl «Merkezi Aziýa – Russiýa» ikinji sammitinde kabul edilen 2025–2027-nji ýyllar üçin bilelikdäki hereketleriň Meýilnamasynyň ýerine ýetirilişiniň barşyna garadylar.

Halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekdäki, şol sanda sebitleýin howpsuzlygyny saklamak we berkitmek ýaly ugurlardaky özara gatnaşyklary ösdürmek boýunça däp bolan pikir alyşmalar geçirildi.

Diplomatlar ykdysady, energetika we ekologiýa ugurlardaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berdiler.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar dürli platformalarda strategik hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak ugrunyň üýtgewsizdigini tassykladylar. Bu ýerde halkara derejesindäki global kynçylyklar boýunça giňişleýin pikir alşyldy.

Duşuşygyň netijesinde döwlet edaralarynyň işine möhüm orun berildi. Bu bolsa Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň dünýä arenasynda umumy bähbitleri ilerletmek boýunça tagallalaryny utgaşdyrmaga hem-de altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de yzygiderli ösüşi üçin anyk ädimleri kesgitlemäge mümkinçilik döretdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info