Strategik ösüş, ýaşlar syýasaty we adam hukuklary: Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe möhüm Kararlara gol çekdi

MilliInfo
Strategik ösüş, ýaşlar syýasaty we adam hukuklary: Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe möhüm Kararlara gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine, daşary syýasy ornunyň pugtalandyrylmagyna, ýaşlaryň goldanylmagyna hem-de adam hukuklarynyň goralmagyna gönükdirilen birnäçe möhüm Kararlara gol çekdi. Bu barada «TDH» habar berýär.

Şeýlelikde, «Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamasyny durmuşa geçirmek, parahatçylygyň, howpsuzlygyň, ynanyşmagyň we durnukly ösüşiň bähbidine Türkmenistanyň daşary syýasatynyň halkara hukuk esaslaryny mundan beýläk-de berkitmek maksady bilen, «Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy» milli konsepsiýasy tassyklanyldy.

«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy bolsa ýaşlar barada döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ylym-bilim, ösen tehnologiýalar bilen gyzyklanýan ýaşlary ýüze çykarmak, Watana wepaly, zähmetsöýer, ylymly-bilimli, ýurduň hemmetaraplaýyn ösüşine mynasyp goşant goşýan kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň doly hukukly gatnaşmagy üçin şertleri döretmek maksatlaryna gönükdirilýär.

Mundan başga-da, «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info