Saglyk strategiýasy, 2027-nji ýylyň Döwlet býujeti we durmuş maksatly desgalar: Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken reminamalary

MilliInfo

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» ugur alyp, Türkmenistanyň Býujet kodeksine laýyklykda, Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we «Türkmenistanyň maýa goýum Maksatnamasynyň» taslamalaryny öz wagtynda taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligine:

  • Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we «Türkmenistanyň maýa goýum Maksatnamasynyň» taslamalaryny taýýarlamak işlerini guramak we olary 2026-njy ýylyň 1-nji noýabryna çenli Ministrler Kabinetine bermek;

  • ýokarda görkezilen taslamalary taýýarlamak üçin hasaplama görnüşlerini we usulyýet görkezmelerini ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyna çenli ibermek;

  • bu taslamalary taýýarlamak üçin hünärmenlerden ybarat iş toparyny döretmek we onuň işini netijeli guramak tabşyryldy.

***

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilat arasynda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek, milli hem-de umumadamzat gymmatlyklary esasynda raýatlaryň sagdynlygyny gazanmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek we adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, «Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we garşysyna göreşmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli strategiýa» hem-de bu Strategiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.

***

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem paýtagtymyzyň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda 2 sany her biri 720 orunlyk umumybilim berýän mekdebiň, 320 orunlyk çagalar bagynyň hem-de saglyk öýüniň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2026-njy ýylyň maý aýynda başlamak we umumybilim berýän mekdepleri we çagalar bagyny 2027-nji ýylyň sentýabr aýynda, saglyk öýüni 2027-nji ýylyň oktýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info