Türkmen talyby rus dili boýunça halkara olimpiadanyň ýeňijisi boldy

MilliInfo

27 Mart, 2026

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rus dili we edebiýaty hünäriniň 4-nji ýyl talyby Läle Rzagulyýewa Russiýa Federasiýasynyň Sibir federal uniwersiteti tarapyndan guralan talyplaryň arasyndaky rus dili boýunça «ЯРус» atly XVII Halkara talyp olimpiadasynda birinji orny eýeledi.

Onlaýn görnüşde geçirilen olimpiadanyň çäklerinde gatnaşyjylar üç ugur boýunça bäsleşdiler: Russiýanyň ynsanperwer we beýleki ugurlarynyň talyplary hem-de daşary ýurtly talyplar. Her topar üçin aýratyn tabşyryklar taýýarlanyldy.

Bäsleşige daşary ýurtly gatnaşyjylar üçin niýetlenen tabşyryklar birnäçe tapgyrdan ybarat bolup, diliň hemmetaraplaýyn derejesini bahalandyrmaga mümkinçilik berdi. Şeýlelikde, ildeşimiz Läle Rzagulyýewa üstünlikli çykyş edip, leksika, grammatika we fonetika boýunça ýokary derejeli bilimini görkezdi. Munuň özi türkmen talybynyň ýeňijileriň hataryna ynamly girip, I derejeli diplom bilen sylaglanmagyny üpjün etdi.

Şeýlelikde, eminler topary türkmen talybynyň rus dili boýunça taýýarlygynyň ýokary derejesini aýratyn bellediler. Ýeri gelende bellesek, ähli ugurlar boýunça jemi 7 sany I ornuň eýesi kesgitlenip, şolaryň biri hem ýurdumyzyň talyby boldy.

Guramaçylaryň bellemegine görä, şu ýyl daşary ýurtly gatnaşyjylaryň iň köp bölegi Gazagystan, Türkmenistan, Özbegistan, Ekwador we Hytaý döwletlerinden boldy.

Türkmenistanyň ýene bir wekili, häzirki wagtda Russiýanyň Günorta Ural döwlet uniwersitetinde bilim alýan Dildora Bahtiýerowa ikinji orna mynasyp boldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info