Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rus dili we edebiýaty ugrunyň 2-nji ýyl talyby Güljemal Sadyýewa abraýly halkara intellektual bäsleşiginiň ýeňijileriniň hataryna girdi. Bäsleşik A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus dili institutynyň we «Русский мир» gaznasynyň howandarlygynda 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 26-njy iýulyna çenli onlaýn formatda geçirildi.
Taslama dünýäniň 28 ýurdundan rus dilini bilmegiň ýokary derejesini we filologiýa ugrundan çuňňur bilimlerini görkezen 786 zehinli talyby bir ýere jemledi. Saýlama tapgyryň netijeleri boýunça bilermenler topary 20 sany iň gowy gatnaşyjyny kesgitledi, şolaryň hatarynda Türkmenistanyň wekili hem bar. Talybyň gazanan bu üstünligi onuň ylmy ýolbaşçysy, TDU-nyň rus dili we edebiýaty kafedrasynyň mugallymy Jennet Şamyýewanyň netijeli zähmetiniň we hünär ussatlygynyň miwesidir.
Ýeňijiler sylag hökmünde Russiýanyň paýtagtynda intensiw okuw kursuny geçmäge hukuk gazandylar. 23-nji awgustdan 5-nji sentýabra çenli bolsa Moskwada «Zehinli daşary ýurtly talyplar üçin «Puşkin bilen tomus» («Pushkin Camp») atly dil tejribe okuwy» ýörite taslamasy geçirilýär. Maksatnama mazmunly umumy sapaklary, öňdebaryjy filologlaryň interaktiw seminarlaryny, şeýle hem giň gerimli medeni aň-bilim maksatnamasyny öz içine alýar.
