Türkmen oba hojalyk institutynyň agronomçylyk fakultetiniň 2-nji ýyl talyplary S.Hojaniýazowa we R.Miriýewa Russiýa Federasiýasynyň Ufa döwlet nebit tehniki uniwersiteti tarapyndan talyplaryň arasynda guralan «Ekologiýa howpsuzlygy» atly halkara olimpiadada ikinji orny eýelediler. Bu barada Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Talyp gyzlaryň bu üstünliginde olaryň ylmy ýolbaşçysy, bagbançylyk we gök ekerançylyk kafedrasynyň mugallymy H.A.Kazakowanyň ornunyň diýseň uludygyny bellemek gerek.
Gazanylan bu üstünlik mynasybetli ýokary okuw mekdebiň agronomçylyk fakultetinde dabaraly çäre geçirildi. Ýeňiji bolan talyplara Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýokary okuw mekdebindäki ilkinji guramasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.