30-njy noýabrda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty «Algoritm we programma üpjünçiligi» hakaton bäsleşigini guraýar. Bäsleşik onlaýn tertibinde geçirilýär.
«Algoritm we programma üpjünçiligi» hakaton bäsleşigine gatnaşmaga isleg bildirýän ýurdumyzyň orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary 2026-njy ýylyň 10-nji noýabryna çenli sedahojayev06@gmail.com elektron salgysynda bellenen goşundy (1-nji goşundy) boýunça hasaba alynýar.
Oňa 2026-2027-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplar gatnaşyp bilerler. Guramaçylar talyplary giň göwrümli tehnologik çäräniň bir bölegi bolmaga hem-de ýurdumyzyň sanlylaşdyrylmagyna öz goşantlaryny goşmaga çagyrýarlar.
Öz intellektual mümkinçilikleriňizi synaň, geljegi uly programma üpjünçiligini işläp taýýarlaň we abraýly orunlar ugrunda bäsleşiň! Hakatona gatnaşmak — ýokary hünär taýýarlygyňyzy görkezmek, bilermenleriň bahasyny almak hem-de ylmy we IT-jemgyýetçiliginde öz ornuňy berkitmek üçin üýtgeşik mümkinçilik.
