Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy Ogulnur Rozyýewanyň ýolbaşçylygyndaky talyplar Gadyr Orazberdiýewden we Selbi Kerimgulyýewadan ybarat bolan türkmen topary Indoneziýanyň Surabaýa şäherinde 14 – 17-nji oktýabr aralygynda geçirilen «World Youth Invention and Innovation Award 2025» (WYIIA) halkara ylmy bäsleşikde üstünlikli çykyş etdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Türkmenistanyň talyplary bäsleşikde «Insilico-ny (kompýuter simulýasiýasyny) we emeli aňy ulanmak arkaly klaritromisine durnukly bolan «Helicobacter pylori» bakteriýasynyň 23S geniniň garşysyna täze ingibitorlaryň işlenilip taýýarlanylmagy» atly ylmy işi görkezdiler.
Ýaş alymlar öz ylmy işinde emeli aň we kompýuter modelirleme usullaryny ulanyp, aşgazan-içege ýollarynda kesel döredýän «Helicobacter pylori» bakteriýasynyň garşysyna derman serişdeleriniň täze görnüşlerini döretmek boýunça barlag geçirdiler.
Talyplarymyzyň ylmy taslamasy halkara derejesinde ýokary baha alyp, altyn medala we «Semi Grand Award» baýragyna mynasyp boldy.
Iri halkara gözden geçirilişde dünýäniň dürli künjeklerinden bolan ýaş alymlaryň örän güýçli toparlarynyň arasynda uly bäsdeşligiň bolandygyna garamazdan, Türkmenistanyň talyplaryna şeýle ajaýyp netijä eýe bolmak başartdy. Abraýly bäsleşigiň çäklerinde Indoneziýanyň, Malaýziýanyň, Türkiýäniň, Koreýa Respublikasynyň, Ýaponiýanyň, Hytaýyň, Hindistanyň, Filippinleriň, Özbegistanyň, Eýranyň we beýleki ýurtlaryň ýaş alymlary ylmy işleri bilen çykyş etdiler.

