Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary Abu-Dabiniň Khalifa uniwersitetinde okuw-önümçilik tejribeligini geçýärler

MilliInfo

9 Iyul, 2026

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary Abu-Dabiniň Khalifa uniwersitetinde okuw-önümçilik tejribeligini geçýärler

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary  Birleşen Arap Emirlikleriň Abu-Dabi şäherinde ýerleşýän Khalifa uniwersiteti tarapyndan guralýan «Daşary ýurtly talyplar üçin tomusky energetika lageri» atly okuw maksatnamasynyň çäklerinde okuw-önümçilik tejribeligini geçýärler.

1—10-njy iýul aralygynda geçirilýän okuw-önümçilik tejribeliginiň esasy maksady ADNOC kompaniýasynyň alyp barýan önümçilik işleri bilen tanyşmakdan hem-de Khalifa uniwersitetiniň okuw we ylmy işleri boýunça tejribesini öwrenmekden ybaratdyr.

Okuw-önümçilik tejribeliginiň dowamynda talyplar Khalifa uniwersitetiniň häzirki zaman nebit-gaz tehnologiýalary, emeli aňyň energetika pudagyna ornaşdyrylyşy, tejribehanalarynda alnyp barylýan ylmy-barlag işleri hem-de öňdebaryjy önümçilik usullary, okuw merkezleri, muzeýleri bilen içgin tanyşýarlar we nazary bilimlerini halkara tejribesi bilen baýlaşdyrýarlar. Bu tejribelik iki ýokary okuw mekdebiniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga möhüm goşant goşýar.

Talyp ýaşlarymyz ADNOC kompaniýasynyň önümçilik desgalaryna, Aerokosmos barlaghanasyna, 3D çap etmek we tehniki hyzmatlaryň barlaghanasyna baryp görerler. Şeýle hem talyplar «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri», «Guýulary burawlamak» boýunça hem-de «Nebitiň we gazyň inženerligi», «Gatlak flýuidleriň häsiýetleri» atly gysga möhletli okuwlara gatnaşarlar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info