Häzirki wagtda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri bilen akademiki we medeni gatnaşyklary ösdürmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Şeýle ähmiýetli ädimleriň binýadynda ýola goýlan «Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Martin Lýuter adyndaky Halle-Wittenberg uniwersitetiniň Filosofiýa III-pedagogika ylmy fakultetiniň arasynda akademiki we medeni hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşygyň» çäklerinde nobatdaky halkara okuw-tejribelik maksatnamasy ýokary derejede amala aşyrylýar.
Ikitaraplaýyn ylalaşyga esaslanyp, 2026-njy ýylyň 29-njy iýuny—12-nji iýuly aralygynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Halle şäherinde ýerleşýän Martin Lýuter adyndaky Halle-Wittenberg uniwersitetinde geçirilýän hünär tejribeligine Ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň nemes dili hünärinde okaýan işjeň we zehinli talyplaryň 15-si öz bilimlerini we amaly başarnyklaryny kämilleşdirmäge mümkinçilik gazandylar.
Guralýan okuw-tejribelik maksatnamasynyň esasy maksady talyplaryň nemes dili boýunça amaly ukyplaryny we pedagogik başarnyklaryny ösdürmekden ybaratdyr. Okuw döwründe talyplar jemi 72 sagatdan ybarat bolan intensiw sözleýiş tejribeligini geçýärler. Bu bolsa olara häzirki zaman lingwistik usullary bilen ýakynlaşmaga we bilim ulgamyndaky täze amalyýetleri özleşdirmäge giň ýol açýar.
Halkara derejede guralýan bu tejribelik maksatnamasy institutyň professor-mugallymlar düzüminiň we talyplarynyň dünýäniň öňdebaryjy ylmy-pedagogik tejribelerinden peýdalanmaklarynda, döwrebap bilim mümkinçiliklerini durmuşa geçirmeklerinde, şeýle-hem türkmen we nemes halklarynyň arasyndaky dostlukly, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir.
***
«Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Kangwon milli uniwersitetiniň arasynda ylym we bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň» çäklerinde ýurdumyzyň institutynyň talyplary gündogar ýurduna ugradyldy.
Resminamalara laýyklykda, 2026-njy ýylyň 29-njy iýuny — 6-njy iýuly aralygynda Koreýa Respublikasynyň Çhunçhon şäherinde ýerleşýän Kangwon milli uniwersitetinde institutyň gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň koreý dili hünärinde bilim alýan, okuwda we jemgyýetçilik işlerinde uly üstünlikleri gazanan 6 talyp okuw tejribeligini geçýärler.
Talyplaryň koreý dilini, medeniýetini öwrenmek we amaly endikleri kemala getirmek isleglerini özünde jemleýän maksatnamanyň çäklerinde institutyň talyplary çuňlaşdyrylan sözleýiş derslerini yzygiderli özleşdirýärler. Koreý we türkmen taraplarynyň bilim ulgamyndaky şeýle mümkinçilikleri geljekde iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda sanly bilim mümkinçiliklerini birleşdirmäge, bilelikde halkara maslahatlary guramaga, professor-mugallymlaryň hünär tejribelerini kämilleşdirmäge we gündogarşynaslyk ylmyny täze derejä götermäge amatly binýat bolup hyzmat edýär.
Şunuň bilen birlikde, taraplaryň döwrebap bilim platformalarynda alyp barýan hyzmatdaşlygy talyplara diňe bir hünär amalyýetini däl, eýsem gündogaryň gadymy we baý medeniýeti, milli gymmatlyklary, asylly däp-dessurlary bilen içgin tanyşmaga-da giň ýol açýar.
***
Halkara bilim hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürmegiň hem-de akademiki hereketlilik maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplar topary rus dili boýunça işjeň sözleýiş tejribeligini geçmek üçin Moskwa şäherine ugrady.
Bilim maksatnamasy Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň arasynda baglaşylan hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamanyň düzgünlerine laýyklykda amala aşyrylýar. Tejribelik 2026-njy ýylyň 29-njy iýuny – 5-nji iýuly aralygynda 72 akademiki sagatlyk ýörite işlenip taýýarlanan maksatnama esasynda geçirilýär.
Halkara bilim maksatnamasyna gatnaşmak hukugyna rus dili we edebiýaty fakultetiniň bäsleşikli saýlama tapgyryndan üstünlikli geçen ikinji ýyl talyplarynyň 18-si mynasyp boldy. Saýlama iki tapgyrda geçirildi. Birinji tapgyrda gatnaşyjylar fonetika, orfoepiýa, leksika, söz ýasalyşy, grammatika hem-de rus edebiýatynyň esaslary boýunça toplumlaýyn synagdan geçdiler. Ikinji tapgyrda gatnaşyjylaryň höweslendiriş häsiýetli dilden çykyşlary, sözleýiş derejesi, aragatnaşyk başarnyklary, medeniýetara gatnaşyga taýýarlygy, şeýle hem okuw we döredijilik işjeňligi bahalandyryldy.
Sözleýiş tejribeliginiň maksatnamasy «Beýik dili öwrenýärin!» atly bilim taslamasynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Magaryf ministrliginiň we «Meniň taryhym» atly ynsanperwer taslamalar gaznasynyň goldaw bermeginde Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersiteti tarapyndan taýýarlanyldy. Bir hepdäniň dowamynda talyplar häzirki zaman rus dili, rus edebiýaty, sözleýiş medeniýeti, rus sözüniň taryhy, edebi ülkäni öwreniş hem-de rus diliniň dünýäni dil arkaly beýan ediş aýratynlyklaryna bagyşlanan umumy we amaly sapaklara gatnaşarlar. Sapaklary Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň rus we tatar filologiýasy kafedrasynyň mugallymlary, filologiýa ylymlarynyň kandidatlary Konstantin Kalinin hem-de Galina Frolowa alyp bararlar.
Maksatnama jemleýji synag, okuwyň netijelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça tegelek stol hem-de gatnaşyjylara şahadatnamalary dabaraly ýagdaýda gowşurmak bilen jemlener.
