25—29-njy ýanwar aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherinde halkara matematika we himiýa olimpiadalary geçirilýär. Häzir Buharadaky «BIMO-2026» we «BIChO-2026» halkara matematika we himiýa olimpiadalary gyzgalaňly dowam edýär. Buhara döwlet uniwersitetiniň binýadynda guralýan abraýly intellektual bäsleşige dürli ýurtlaryň talyplary bilen birlikde, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri hem gatnaşýarlar. Türkmen toparyna matematikadan 3 mugallym, 25 talyp, himiýa dersinden bolsa 3 mugallym we 24 talyp wekilçilik edýär.
Buhara döwlet uniwersitetinde geçirilýän olimpiadanyň maksatnamasy:
Dabaraly açylyş we bäsleşik tapgyrlary (şahsy we toparlaýyn);
Merkezi Aziýanyň we dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň professorlarynyň hem-de mugallymlarynyň arasynda tejribe alyşmak;
Gatnaşyjylary Buharanyň taryhy mirasy bilen tanyşdyrmak üçin medeni maksatnama.
Bu çäre 2026-njy ýylda Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky ylmy hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm waka bolar.
Türkmen talyplarynyň «BIMO-2026» we «BIChO-2026» olimpiadalaryndan iň ýokary derejeli medallar we diplomlar bilen Watanymyza dolanmaklaryny arzuw edýäris.