Şu agşam — Täze ýyl gijesinde awtobuslaryň hereketi 02:00-a çenli dowam eder

MilliInfo

2 sagat öň

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi Täze ýyl baýramy mynasybetli halkymyzyň we ýurdumyzyň myhmanlarynyň gatnawlarynyň bökdençsiz amala aşyrylmagyny üpjün etmek maksady bilen, awtobuslaryň hereketiniň 2025-nji ýylyň 31-nji dekabrynda sagat 06:00-dan 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda gije sagat 02:00-a çenli dowam edýändigini habar berýär.

Bellenilen wagt aralygynda Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, şeýle-de Ahal, Balkan, Mary, Lebap hem-de Daşoguz welaýatlarynyň Baş arçalaryna barýan ähli ugurlar boýunça awtobuslar raýatlarymyza yzygiderli hyzmat eder.

Täze ýylyňyz gutly bolsun, eziz ildeşler!

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info