Şu agşam — 18-nji marta geçilýän gije UEFA Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň jogap duşuşyklary geçirilýär. Şeýlelikde, futbol muşdaklaryna diýseň gyzykly oýunlar garaşýar. Şolaryň hatarynda «Mançester Siti» bilen Madridiň «Realynyň» duşuşygyny hem-de «Çelsi» we «PSŽ» jübütiniň oýnuny aýratyn bellemek bolar.
UEFA Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň şu agşam geçiriljek jogap duşuşyklary (Aşgabat wagty bilen):
22:45. «Sporting» – «Budýo-Glimt»
01:00. «Arsenal» – «Baýer»
01:00. «Mançester Siti» – «Real Madrid»
01:00. «Çelsi» – «PSŽ»
Ýeri gelande ýatlasak, «Arsenal» – «Baýer» jübütiniň geçen oýny deňlikde (1:1) jemlenipdi. «Budýo-Glimt» bolsa «Sportingi» 3:0 hasaby bilen ýeňlişe sezewar edipdi. Madridiň «Realy» hem öz meýdanynda «Mançester Sitini» şeýle hasap bilen ýeňipdi. «PSŽ» bolsa «Çelsini» 5:2 hasabynda ahmyrda goýdy.