Şu gün «Altyn Asyr» AFK-nyň Çagyryş ligasyndaky ikinji duşuşygyny geçirýär

MilliInfo

28 Oktýabr, 2025

Şu gün — 28-nji oktýabrda ýurdumyzyň «Altyn Asyr» futbol topary AFK-nyň Çagyryş ligasyndaky ikinji duşuşygyny geçirýär. Türkmen topary Butanyň «Paro» kluby bilen duşuşýar. Oýun Aşgabat wagty bilen 17:00-da başlanýar.

Türkmen topary liganyň Günbatar zolagynda çykyş edip, bu sebitiň duşuşyklary merkezleşdirilen görnüşinde Butanda geçirilýär.

Ildeşlerimiziň toparçadaky birinji oýnunda Gyrgyz Respublikasynyň «Abdyş-Ata» toparyny 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar edendigini ýatladýarys.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo