Şu gün — 9-njy sentýabrda «Apple» kompaniýasy täze önümlerini, şol sanda «iPhone 17» smartfon hataryny tanyşdyrar.
Tanyşdyrylyş dabarasy kompaniýanyň resmi saýtynda we onuň «YouTube» kanalynda görkeziler. Ol Aşgabat wagty bilen 22:00-da başlanar.
Şunlukda, kompaniýanyň dört «iPhone 17» modelini görkezmegine garaşylýar. Olar 6,3 dýuým ekranly we iki kameraly esasy nusga, 6,6 dýuým displeýli we bir kameraly iň inçe smartfon boljak «Apple iPhone 17 Air», şeýle hem 6,3 we 6,9 dýuým ekrany bilen tapawutlanýan üç kameraly «iPhone 17 Pro» hem-de «Pro Max» modelleridir.
By ýerde «Apple Watch 11», «Apple Watch Ultra 3» sagatlary hem-de «AirPods Pro 3» gulaklyklary-da tanyşdyrylar. Galyberse-de, kompaniýanyň »Apple Watch SE 3», «AirTag 2» ýaly beýleki gurluşlary hem görkezilip bilner.