Şu gün — 1-nji oktýabrda ýurdumyzyň çempiony hem-de Kubogynyň eýesi «Arkadag» topary AFK-nyň Çempionlar ligasy—2 ýaryşynyň «B» toparçasyndaky ikinji duşuşygyny geçirýär. Arkadag şäheriniň topary myhmançylykda Bahreýniň «Al Haldiýa» klubunyň garşysyna çykýar.
Bahreýniň Riffa şäheriniň milli stadionynda geçirilýän duşuşyk Aşgabat wagty bilen 23:15-de başlanar.
Arkadag şäheriniň topary birinji duşuşygynda Özbegistan Respublikasynyň «Andijon» klubuny kabul edipdi. Deňlikde jemlenen oýun (0:0) ildeşlermize ilkinji utugy getiripdi.
Ýeri gelende bellesek, türkmen kluby nobatdaky duşuşyga diýseň taýýarlykly geldi. Oýnuň öňüsyrasynda Dubaý şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçmegi klubuň ýokary derejedäki fiziki hem taktiki taýýarlygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.
«Arkadag» kluby toparçadaky üçünji duşuşygyny 22-nji oktýabrda myhmançylykda Kataryň «Al-Ahli» topary bilen geçirer. Oýun Doha şäherindäki «Al Thumama» stadionynda bolar.

