Ahyrlap barýan 2025/26 tomusky transfer möwsümi örän işjeň ýagdaýda geçýär. Käbir klublar zehinli ýaş futbolçularyny satyp gazanç etse, käbirleri tejribeli oýunçylar üçin pul gaýgyrmaýar. Häzir — nobatdaky transfer penjiresinde transfer çykdajylary boýunça Angliýanyň Premýer ligasynyň 4 kluby öňdeligi eýeleýär. Sanawyň başyny «Liwerpul» çekýär, ikinji orunda «Arsenal» barýar. Üçünji orny geçen iki (23-24 / 24-25) möwsümiň çykdajy lideri «Çelsi» eýeleýär.
«Barselona» soňky 2 ýyl bäri maliýe meseleleri sebäpli, bu sanawda ilkinji 40 klubyň hataryna hem girip bilmedi.
«Transfermarkt» üstümizdäki tomus möwsüminde täze futbolçylar üçin iň köp çykdajy eden 10 klubuň sanawyny hödürledi.
| # | Klublar | Çykdajy | Girdeji | Gelenleriň sany | Gidenleriň sany | 
| 1. | «Liwerpul» | 339,68 € | 219,50 € | 15 | 10 | 
| 2. | «Arsenal» | 293,50 € | 8,00 € | 14 | 9 | 
| 3. | «Çelsi» | 279,65 € | 276,45 € | 22 | 19 | 
| 4. | «Mançester Ýunaýted» | 229,70 € | - | 12 | 7 | 
| 5. | «Atletiko Madrid» | 179,00 € | 68,00 € | 14 | 14 | 
| 6. | «Mançester Siti» | 176,90 € | 58,50 € | 15 | 11 | 
| 7. | «Nottingem Ormani» | 174,90 € | 124,40 € | 16 | 13 | 
| 8. | «Real Madrid» | 167,50 € | 2,00 € | 7 | 6 | 
| 9. | «Sanderland» | 165,00 € | 51,00 € | 21 | 8 | 
| 10. | «Nýukasl» | 146,15 € | 31,00 € | 9 | 9 | 

