Şu ýyl Arkadag şäherinde esasy telefon belgileriniň sany 7 müň 75 birlige ýeter

MilliInfo
Şu ýyl Arkadag şäherinde esasy telefon belgileriniň sany 7 müň 75 birlige ýeter

Nusgalyk şäher hökmünde sebitde uly abraýa eýe bolan Arkadag şäherinde optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň işe girizilmegi netijesinde, edaralarda we ýaşaýyş jaýlarynda ýokary tizlikli internet, IP telewideniýe hem-de telefon ulgamyndan peýdalanmaga mümkinçilik döredildi.

Ýeri gelande ýatlasak, 2025-nji ýylyň tomsunda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen, täze şäheriň açylmagynyň iki ýyllygy mynasybetli aragatnaşyk we internet ulgamynyň 5G tehnologiýasynyň işe girizilmegi watandaşlarymyzyň göwün guşuny ganatlandyran waka boldy. Ar­ka­dag şä­he­ri­niň ara­gat­na­şyk we in­ter­net ul­ga­my­nyň kämilleşdirilmegini — 5G teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň işe gi­ri­zil­me­gini aragatnaşyk ulgamynda ýetilen möhüm sepgit hökmünde häsiýetlendirip bileris. Se­bä­bi ýo­ka­ry tiz­lik­li bu teh­no­lo­gi­ýa­nyň tiz­lik de­re­je­si öň­ki 4G+ ulgamynyňka ga­ra­nyň­da 20 es­se ýo­ka­ry­dyr.

«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, şu ýyl şäherde esasy telefon belgileriniň sany 7 müň 75 birlige, şol sanda öý telefonlarynyň sany 5 müň 290 birlige ýeter. TMCELL öýjükli aragatnaşygyň hyzmatlary bilen 4 müň 380 müşderi üpjün ediler. Şäheriň ýaşaýjylary üçin «akylly» şäher we «akylly» öý hyzmatlary, ýagny smartfonyň üsti bilen internet arkaly ýaşaýyş öýlerini uzak aralykdan dolandyrmak ýaly iň döwrebap şertler elýeter edildi. Arkadag şäheriniň ähli ýaşaýyş jaýlaryny we edaralaryny ýokary tizlikli internet bilen üpjün etmek işleri mundan beýläk-de dowam etdiriler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info