Şu gün, 29-njy iýulda ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinde giriş synaglary başlanýar. Talyp diýen hormatly ada mynasyp bolmaga ymtylýan ýaşlaryň durmuşynda möhüm waka bolan giriş synaglaryna Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýerine ýetirilmegi bilen badalga berildi.
Şu ýyl ýaşlaryň 18 müňden gowragy ýokary okuw mekdeplerine talyplyga kabul ediler. Munuň özi geçen ýyldakydan 1 müň 239 orun köpdür. Täze okuw ýylyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde milli ykdysadyýetimiziň talaplaryna laýyk gelýän täze hünärleriň we taýýarlygyň ugurlarynyň 20-si girizilýär. Şolaryň 10-sy hünärmen, 4-si bakalawr, 6-sy bolsa magistr maksatnamalaryna degişlidir. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynda» kesgitlenen wezipeler göz öňünde tutulyp girizilen täze hünär ugurlarynda bilim almaga isleg bildiren dalaşgärler hem köp boldy.
Şeýlelikde, şu gün talyplyga dalaşgär ýaşlar saýlap alan hünär ugrunyň ilkinji synaglaryny tabşyrarlar. Biz hem talyp bolmagy arzuwlaýan ýaşlara synaglarda şowlulyk arzuw edýäris. Talyplygyň bosagasyndaky möhüm möwsüm — ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek üçin giriş synaglary 20-nji awgusta çenli dowam eder.
Şu ýerde ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdepleriniň aglabasyna dalaşgärlerden resminamalary kabul etmegiň 17-nji awgusta çenli dowam edýändigini bellemek gerek. Munuň özi bilim almaga höwesli, kalplary joşgunly ýaşlaryň häzirki bagtyýarlyk döwrümizde durmuşda öz orunlaryny tapmaklary, kämilleşmekleri, ýürekde beslän arzuwlaryny hasyl etmekleri üçin giň mümkinçilikleriň döredilendigini tassyklaýar.
