BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) we «Ýaş Tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň bilelikde guramagynda 2-nji iýunda Balkan welaýatynyň Türkmebaşy şäherinde — Hazar deňziniň kenarynda «Deňiz hapalaryna we deňiz plastiklerine garşy göreşmek — Hazar deňzinde ulgamlaýyn çemeleşme» atly sebitleýin taslamasynyň çägindäki kenarýaka arassalaýyş işleri geçirildi. Arassalaýyş işleri 5-nji iýunda bellenilýän Bütindünýä Daşky gurşaw gününe gabat geldi.
Bu ekologiýa çäresine ýaşlar, şäher häkimliginiň we BMGÖM-iň wekilleri gatnaşdylar, olar plastik we beýleki görnüşli galyndylary ýygnadylar. Soňra ýygnalan plastik, aýna, metal we organiki galyndylar ýaly bölekleri dürli toparlara böldüler. Ýowara gatnaşyjylar galyndylary toparlara bölmegiň we jogapkärli dolandyrmagyň ähmiýetini görkezdiler. Bu başlangyç Hazar deňziniň kenaryny goramak we ýaşlaryň hem ýerli jemgyýetleriň arasynda daşky gurşaw jogapkärçiligini güýçlendirmek üçin bilelikdäki hereketleriň möhümdigini nygtamaga gönükdirildi.
«Deňiz hapalary, şol sanda plastik we mikroplastikler deňiz we kenarýaka ekoulgamlary üçin esasy howp bolmagynda galýar. Kenarýaka arassalaýyş çäreleri ýerli jemgyýetleriň arasynda habarlylygy ýokarlandyrmak we jogapkärli ekologiýa endikleri ösdürmek üçin möhüm platforma bolup hyzmat etmegini dowam edýär. Ýaşlary bu tagallalara çekmek aýratyn möhümdir, sebäbi ol uzak möhletli ekologiýa jogapkärçiligini ösdürýär we öňdebaryjy üýtgeşmeleriň hereketlendiriji güýji hökmünde ýaşlaryň tutýan ornuny güýçlendirýär» diýip, BMGÖM-iň hünärmeni Jemal Durdykowa belledi.
«Hazar deňzi diňe bir ýurdumyz üçin däl, eýsem, bütin sebit üçin özboluşly tebigy baýlykdyr. Onuň baýlyklaryny we gözelligini geljekki nesiller üçin gorap saklamak biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Şu günki ekologiýa çäresi biziň guramamyzyň ekologiýa bilimi we daşky gurşawy goramak babatda yzygiderli alyp barýan giň we köpugurly işiniň diňe kiçijek bir bölegidir» diýip, «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň ýolbaşçysy Leýli Şyhmedowa belledi.
Mundan başga-da, Bu ekologiýa çäresine gatnaşyjylar Hazar deňziniň kenarynyň hapalanmagyny gözegçilikde saklamagyň täze usullaryny synagdan geçirdiler we Hazar deňziniň hapalanmagynyň deňziň ekoulgamyna giň täsirini, şeýle hem ýaşlary ekologiýa işlerine çekmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
***
«Deňiz hapalaryna we deňiz plastiklerine garşy göreşmek — Hazar deňzinde ulgamlaýyn çemeleşme» atly sebit taslamasy Russiýa Federasiýasy tarapyndan maliýeleşdirilýär we BMGÖM hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky Gurşaw Maksatnamasy (UNEP) tarapyndan Azerbaýjanda, Eýranda, Gazagystanda we Türkmenistanda amala aşyrylýar. Taslama gury ýerdäki deňiz hapalanmagynyň öňüni almaga gönükdirilendir we Hazar deňziniň ejiz deňiz ekoulgamyny goramak üçin utgaşdyrylan sebitleýin tagallalary goldaýar.
Bu taslama Hazar deňziniň kenarýaka ýurtlarynyň sebitleýin hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge we häzirki hem geljekki nesiller üçin Hazar deňziniň özboluşly ekoulgamyny gorap saklamak üçin utgaşdyrylan çäreleri durmuşa geçirmäge ygrarlydygyny tassyklaýar.