Geologlar üçin «gury ýer gämileri»: «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy kuwwatly «Sitrak» ýük çekiji ulaglary kabul etdi

MilliInfo
Geologlar üçin «gury ýer gämileri»: «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy kuwwatly «Sitrak» ýük çekiji ulaglary kabul etdi

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasyna täze, häzirki zaman «Sitrak ZZ4406 V395 ME» ýük çekiji ulaglary gelip gowuşdy. Korporasiýanyň maddy-tehniki binýadynyň üstüniň ýene-de kuwwatly we döwrebap «Sitrak ZZ4406 V395 ME» ýük çekiji ulaglaryň 4-si bilen ýetirilmegi geologlaryň netijeli işlemegi üçin ähli şertleriň döredilýändigini tassyklaýar. Munuň özi ýurdumyzyň geologiýa pudagynda alnyp barylýan taslamalaryň has-da çaltlandyrylmagyna uly goşantdyr.

Täze gelen «Sitrak ZZ4406 V395 ME» ýük çekiji ulaglar dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryny özünde jemleýän, zähmet we çylşyrymly ýol şertlerine doly uýgunlaşan kuwwatly tehnikadyr. Bu ulag geologlaryň iň uzak we barmasy kyn bolan ýerlerde alyp barýan buraw we gözleg işlerine zerur bolan agyr enjamlary, materiallary bellenen nokada bökdençsiz we öz wagtynda ýetirmekde hakyky gury ýer gämisine öwrüler. Onuň güýçli motor ulgamy we ýokary çekiji ukyby (V395 ME modeli) iň agyr ýükleri hem aňsatlyk bilen menzillere aşyrmaga mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň howa şertlerine durnukly şassisi we berk tinger ulgamy bilen döz gelmäge ukyply. Häzirki zaman awtomatlaşdyrylan ulgamlary we sürüji üçin döredilen iň ýokary amatlyklar geolog-sürüjileriň işini aňsatlaşdyryp, howpsuzlygy kepillendirýär.

Täze ulaglaryň önümçilige girizilmegi ýerasty baýlyklaryň gözleginde we barlagynda wagt tygşytlylygyny üpjün eder, agyr buraw desgalarynyň we goşmaça tehnikalaryň bir nokatdan başga bir ýere çalt we abat daşalmagyny kepillendirer.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info