Sungat ussatlarymyz Koreýa Respublikasyndaky abraýly festiwalyň ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglandy

MilliInfo

2 sagat öň

Sungat ussatlarymyz Koreýa Respublikasyndaky abraýly festiwalyň ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglandy

Koreýa Respublikasynyň Seul we Kwanju şäherlerinde «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» dostluk assosiasiýasy tarapyndan Koreýa Respublikasynyň halkara dostluk günleriniň çäginde guralan «Beýik Ýüpek ýoluna «Arirang» aýdymy bilen medeni gezelenç» atly halkara aýdym-saz dabarasy geçirildi. Koreýa Respublikasy bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösmegine mynasyp goşant goşan Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyny döwrebap röwüşde dabaralandyrmak maksady bilen geçirilen bu çärede «Arirang» aýdymyny aýtmak asylly däbe öwrüldi.

Ýeri gelende aýtsak, koreýleriň milli halk aýdymy bolan «Arirang» asyrlaryň dowamynda halkyň ruhy mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup gelýär. Ol ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň hem sanawyna girizilendir. Koreýanyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň meşhur aýdym-saz ussatlarynyň onlarçasyny duşuran halkara sungat baýramyna şu ýyl Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy Begenç Gaýypow hem-de Lebap welaýatynyň Çärjew etrap medeniýet merkeziniň tans toparynyň artisti Arslan Jumaýew gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler. Çärede türkmenistanly sungat işgärleriniň milli koreý lybaslarynda «Arirang» aýdymlaryny ýerine ýetirmekleri tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Aýdym-saz dabarasynda Koreýa Respublikasy bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň medeni gatnaşyklaryny ösdürmäge, dostlukly halklaryň medeniýetiniň, sungatynyň baýlaşmagyna goşantlary üçin, B.Gaýypow hem-de A.Jumaýew festiwalyň ýadygärlik nyşanyna mynasyp boldy. Gazanylýan şeýle üstünlikler ýurdumyzda medeniýet we sungat işgärleriniň netijeli işlemekleri, kämil eserleri döretmekleri, daşary ýurtlarda geçirilýän halkara medeni çärelere, bäsleşiklere gatnaşmaklary babatda döredilýän giň mümkinçilikleriň miweleridir.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info