Superkompýuteriň çaklamasy: täze möwsümde Çempionlar ligasynyň ýeňijisi «Liwerpul» bolar

MilliInfo

14 Sentýabr, 2025

«Opta» superkompýuter ulgamy 2025/26-nji ýyllaryň futbol möwsüminde haýsy toparyň Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boljakdygyny çaklady. Superkompýuteriň hasaplamalaryna görä, iň ýokary mümkinçilik 20,4% bilen «Liwerpula» degişli. Bu Kuboga ikinji orundaky dalaşgär «Arsenal» (16%) bolsa, üçünji ýerde häzirki çempion «PSŽ» (12,1%) ýerleşdi. 8.4% bilen «Mançester Siti» we «Barselona» klublary dördünji hem bäşinji orunlary paýlaşýarlar. Bulardan soňky orny «Çelsi» (7%) eýelese, Madridiň «Realy» (5,8%) ýedinji basgançakda ornaşdy. «Bawariýa» 4,3% bilen 8-nji dalaşgär hasaplansa, «Inter» bilen «Nýukasl» top 10-y 3% ähtimallyk bilen jemleýärler.

Ýeri gelende belesek, UEFA-nyň gelen karary esasynda, 2026/27-nji ýyllaryň futbol möwsüminiň Çempionlar ligasynyň final duşuşygy Madridiň «Atletiko» klubynyň futbol meýdanynda — «Riyad Air Metropolitano» stadionynda geçiriler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info