Nesilleriň obýektiwdäki baglanyşygy: «NASA» «Orion» kosmos gämisinden Ýeriň üýtgeşik suratlaryny hödürledi

MilliInfo

6 Aprel, 2026

«NASA» kosmos agentligi «Artemis II» Aý missiýasynyň gatnaşyjylary tarapyndan düşürilen planetamyzyň örän dury (ýokary hilli) suratlarynyň tapgyryny çap etdi. Ekipažyň serkerdesi Rid Uaýzman «Orion» kosmos gämisiniň illýuminatorlaryndan Ýer şaryny surata düşürdi. Ol dünýä jemgyýetçiligine bütin Ýer şarynyň täsirli panoramasyny, şeýle hem planetanyň gündizki we gijeki taraplaryny bölýän hereketli serhedini — «terminator» diýlip atlandyrylýan gözüňi aldaýan çyzygyny görkezdi.

Bu suratlar diňe bir tehniki üstünlik bolman, eýsem, döwürleriň arasyndaky simwoliki köprä öwrüldi. «NASA» 1972-nji ýylyň dekabrynda rowaýaty «Apollo 17» ekipažy tarapyndan düşürilen surat bilen «Artemis II» astranawtlarynyň täze düşüren suratyny bir kollažda jemläp, taryhy deňeşdirme geçirdi.

«Soňky 54 ýylyň dowamynda tehnologiýalar ägirt uly öňegidişlik gazandy, biz kosmosy özleşdirmekde uly ýoly geçdik, emma bir hakykat sarsmazlygyna galýar: biziň umumy öýümiz orbitadan seredeniňde, diýseň ajaýyp görünýär!» — diýip, Rid Uaýzman özünde galan täsirleri paýlaşdy.

Iki suratyň deňeşdirilmegi optiki ulgamlar babatyndaky ösüşi aýdyň görkezýär: eger 1972-nji ýylyň suraty XX asyryň simwolyna öwrülip, «The Blue Marble» (Gök mermer) adyny alan bolsa, «Orion» tarapyndan düşürilen täze suratlar bulut gatlaklarynyň gurluşyny we ummanlaryň çuňlugyny görlüp-eşidilmedik anyklykda synlamaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa adamzadyň Aýa dolanyp barmaga doly taýýardygyny subut edýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info