Türkmen ýaşlaryna Şweýsariýanyň ýokary okuw mekdeplerinde we ylmy-barlag institutlarynda ylmy barlaglar geçirmek ýa-da dokturanturada okamak boýunça ýeňilliklere eýe bolmak mümkinçiligi hödürlenilýär. Çünki ýurduň hökümeti 2027–2028-nji okuw ýyly üçin döwlet talyp haklaryna resminamalaryň kabul edip başlanandygyny yglan etdi.
Şeýlelikde, dalaşgärler degişli talaplara laýyk gelmelidirler:
magistr diplomy ýa-da oňa deňeşdirilen hünär derejesi bolmaly;
1991-nji ýylyň 31-nji dekabryndan soň doglan bolmaly;
ylmy barlag meýilnamasyny öňünden ylalaşmaly;
Şweýsariýadaky ylmy ýolbaşçydan resmi goldaw hatyny almaly.
Ýeri gelende bellesek, ylmy barlag tejribeçilikleri 6 — 12 aýa çenli möhletden ybarat bolsa, dokturantura ýeňillikleri bir ýyl möhlet üçin niýetlenendir.
Bu ýeňillik aýlyk eklenç puly, lukmançylyk ätiýaçlandyrmasy, ýaşaýyş jaý kärendesi we ýol harajatlary meselelerde çykdajylaryň bir böleginiň öwezini dolmagy özünde jemleýär.
Resminamalary elektron görnüşinde 2026-njy ýylyň 27-nji noýabryna çenli tabşyryp bolýar.
Giňişleýin maglumat üçin maksatnamanyň resmi saýtyndan peýdalanyp bilersiňiz. Resminamalaryň eketron nusgasyny tabşyrmak üçin bolsa şu ýere giriň!
