Düýn — 15-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda halkara sport ýaryşlarynda we ders bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlara hem-de olaryň halypa mugallymlaryna, tälimçilerine sylaglary gowşurdy.
Döwlet Baştutanymyz sport toplumynyň foýesinde ýaýbaňlandyrylan sergini synlady. Bu ýerde abraýly halkara ýaryşlarda gazanylan dürli derejedäki baýraklar, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri, ýurdumyzyň dokma kärhanalarynda türgenler üçin öndürilýän sport egin-eşikleri görkezildi. Monitorlarda türgenleriň halkara ýaryşlardaky çykyşlaryndan pursatlar, ýurdumyzda bedenterbiýe-sport hereketini, sagdyn durmuş ýörelgelerini ilerletmek boýunça alnyp barylýan işler görkezilýär.
Soňra Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda esasy dabara başlandy. Gahryman Serdarymyz bu ýerde medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna, türgenleriň sportuň görnüşleri boýunça görkezme çykyşlaryna tomaşa etdi.
Bu ýerde çykyş eden hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz ýurdumyzda ýaşlar üçin ähli şertleriň döredilýändigini, olaryň öz zehini, ukyp-başarnyklary bilen ýurdumyzyň abraýyna abraý goşýandyklaryny, tejribeli mugallymlaryň we ussat tälimçileriň bolsa ýaş nesilleriň dürli ugurlarda üstünlikleri gazanmaklary üçin netijeli işleri alyp barýandyklaryny nygtady.
Şondan soň Türkmenistanyň Prezidentiniň dünýä derejeli ders bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlary we olaryň mugallymlaryny sylaglamak hakynda gol çeken Buýrugy okaldy.
Hormatly Prezidentimiz halkara ders bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolan mekdep okuwçylaryna we talyplara, olaryň halypa mugallymlaryna, dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenlere hem-de olaryň tälimçilerine gymmat bahaly sowgatlary gowşurdy.
2025-nji ýylyň dowamynda abraýly halkara ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolan mekdep okuwçylaryny we talyplaryny döwlet derejesinde sylaglamaga hödürlemegiň sanawy düzülende, olaryň gatnaşan bäsleşikleriniň hereket edýän reýtinglerdäki derejesinden we ähmiýetinden, şonuň ýaly-da, olara gatnaşan ýurtlaryň sanyndan ugur alyndy.
Dabarada Arkadagly Gahryman Serdarymyz dünýä derejeli olimpiadalarda üçünji orna hem-de bürünç medala mynasyp bolan okuwçylary 40 müň manat, ikinji orna hem-de kümüş medala mynasyp bolan okuwçylaryň her birini 70 müň manat möçberde pul baýragy bilen sylaglady. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz olimpiadalarda üçünji orna hem-de bürünç medala mynasyp bolan talyplara 40 müň, ikinji orna hem-de kümüş medala mynasyp bolan talyplara-da 70 müň manat möçberde pul baýragyny gowşurdy.
Döwlet Baştutanymyz dünýä derejeli olimpiadalarda birinji orna hem-de altyn medala mynasyp bolan talyplaryň her birini 100 müň manat möçberdäki pul baýragy bilen sylaglady. Iň ýokary sylaga mynasyp bolan talyplar gymmatly pul baýraklaryny ýüzlerine sylyp kabul etdiler. Hormatly Prezidentimiz dünýä derejeli olimpiadalarda ýokary netijeleri gazanan okuwçylary we talyplary taýýarlan mugallymlaryň her birini 100 müň manat möçberde pul baýragy bilen serpaýlady.
Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenleri hem-de olaryň tälimçilerini sylaglamak hakynda Buýrugy okaldy. Hormatly Prezidentimiz baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenlere hem-de olaryň tälimçilerine gymmat bahaly sowgatlary gowşurdy.
Hormatly Prezidentimiz çärä gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda abraýly halkara ýaryşlarda, dünýä çempionatlarynda çykyş edip, baýrakly üçünji orna we bürünç medala mynasyp bolan türgenleriň her birine 40 müň manat möçberde pul baýragyny gowşurdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ikinji orny eýeläp, kümüş medala mynasyp bolan türgenleri 70 müň manat möçberde pul baýragy bilen sylaglady. Hormatly Prezidentimiz ýaryşlarda kümüş hem-de bürünç medallara mynasyp bolan türgenleri taýýarlan tälimçileriň her birine 70 müň manat möçberde pul baýragyny gowşurdy. Olar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň elinden pul sylaglaryny ýüzlerine sylyp kabul etdiler.
Soňra döwlet Baştutanymyz dünýä derejeli ýaryşlarda altyn medala mynasyp bolan türgenleri sylaglady. Arkadagly Gahryman Serdarymyz olaryň her birine 2025-nji ýylda goýberilen, ak reňkli «Toyota Camry HEV 2.5L» kysymly ýeňil awtoulagyň açaryny gowşurdy. Bu türgenler abraýly halkara ýaryşlarda hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykyp, ýurdumyzyň ýaşyl tuguny belende galdyrmagy başardylar. Hormatly Prezidentimiz halkara ýaryşlarda altyn medala mynasyp bolan türgenleri taýýarlan tälimçilere-de 2025-nji ýylda goýberilen, ak reňkli «Toyota Camry HEV 2.5L» kysymly ýeňil awtoulagyň açaryny gowşurdy.
Dabara tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanan ýaşlar we olaryň halypa mugallymlary, türgenler hem-de tälimçiler bilen ýadygärlik surata düşdi. Döwlet Baştutanymyz özi üçin ýörite niýetlenen ýere geçenden soňra, dabara gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» atly aýdymyny uly şatlyk-şowhun bilen ýerine ýetirdiler.
Soňra hormatly Prezidentimiz sport ussatlaryny olaryň gazanan üstünlikleri bilen gutlady hem-de olara sport äleminde mundan beýläk-de uly ýeňişleriň ýaran bolmagyny arzuw etdi. Täze awtoulaglaryň açaryny alan türgenlerimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredýän şertlerinden netijeli peýdalanyp, geljekde-de ähli yhlaslaryny, başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar. Bu pursatlara şaýat bolan ata-eneler hem ýürek buýsanjyny tolgunma bilen beýan etdiler.