«Synmaz Tilsimat» okuw merkezi döwrebap hünärleri öwrenmek ugrunda täze mümkinçilikleri hödürleýär.
Merkezde buhgalterçilik hasabynyň esaslary we 1С programmasynda işlemek boýunça başlangyç tapgyrdan professional derejä çenli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Okuwyň esasy aýratynlygy — tejribäniň ähli dersleriň durmuşy mysallar esasynda guralmagy esasynda alnyp barylýan ilkinji sapakdan başlanmagydyr.
Tejribelik sapaklaryny geçýän mugallymlar okuw materiallaryny düşnükli, amatly we elýeterli görnüşde öwredýärler, bu bolsa maglumatlary hiç hili kynçylyksyz özleşdirmäge şert döredýär.
Sapaklaryň amatly tertibi we yzygiderli goldawlaryň berilmegi okuw işini hatda täze başlaýanlar üçin hem diýseň ýeňilleşdirýär.
Şu gün ýazylyň we hemişelik isleg bildirilýän hünäre tarap ilkinji ädimiňizi ädiň! Okuwy tamamlanlara «Synmaz Tilsimat» okuw merkezi tarapyndan bellenilen nusgadaky şahadatnama gowşurylýar.
Mundan başga-da, «Synmaz Tilsimat» kompaniýasy döwlet edaralary we hususy kärhanalar üçin sanly çözgütleri hödürleýän hem-de 1С awtomatlaşdyryş ulgamy boýunça ýöriteleşen merkezdir.
Islendik möçberdäki amallary awtomatlaşdyrmak boýunça sertifikatlaşdyrylan hünärmenleriň topary döwlet edaralary we biznes üçin 1С-niň toplumlaýyn çözgütlerini ornaşdyrýarlar. Bu hyzmatlar býudjetleşdirmekden we dolandyryş hasabyndan başlap, logistikanyň, işgärler bölüminiň we çylşyrymly ulgamlaryň utgaşdyrylmagynyň (integrasiýasynyň) ähli wezipelerini öz içine alýar.
Maglumat ulgamlaryny taslamalaşdyrmak, ornaşdyrmak we goldamak bilen, «Synmaz Tilsimat» kompaniýasy dolandyryşyň durnuklylygyny we aýdyňlygyny üpjün edýär.
Ýokary hil standartlary bolsa sanly howpsuzlygyň ygtybarly derejesini we döredilen infrastrukturanyň bökdençsiz işlemegini kepillendirýär.
Işiňiziň netijeliligini ýokarlandyrmaga taýýarmysyňyz? Onda «Synmaz Tilsimat» kompaniýasy bilen habarlaşyň — çözgüt hut siziň edaraňyzyň talaplaryna görä taýýarlanar.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +993 71 472988
