Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 17-nji noýabrda Tagtabazar etrabynyň Pendi geňeşliginiň çäginde ýerleşýän 20-nji orta mekdepde sagat 9:00-dan 12:00-a çenli boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär.
Kärhanalar, guramalar, edaralar hem-de hususy telekeçiler agzalan çärä boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen gatnaşmalydyrlar.
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen gatnaşmaklary zerurdyr.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Tagtabazar etrabynyň Pendi geňeşligi.
Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 800 568-52-1-05.

