Gelip gowşan köp sanly haýyşnamalar esasynda, Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky kirişli saz gurallar orkestri «HANS ZIMMER: EPIC MOVIE SOUNDTRACKS» atly gaýtalanmajak şowhunyny täzeden hödürlär. Ýeri gelende bellesek, geçen gezekki konsert tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri döredipdi.
Size kinokompozitor Hans Zimmeriň «Gladiator», «Başlangyç» («Начало»), «Interstellar», «Karib deňziniň garakçylary» hem-de beýleki meşhur filmler üçin döreden sazlary garaşýar.
Orkestriň ajaýyp owazlary bilen yşyk bezeginiň utgaşmasy hakyky kinofilmlerdäki ýaly täsirli we özüne çekiji atmosferany döreder, ol sizi başga bir dünýä alyp gider.
Konsert 10-njy noýabrda Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda geçiriler. Ol 19:00-da başlanar.
Howlugyň, PETEKLERIŇ SANY ÇÄKLIDIR!
Petekleri bellemek üçin telefon belgiler:
+993 (62) 53-28-71
+993 (62) 55-90-15

