Tailand Patyşalygynyň Türkmenistandaky ilçisi Aşgabatdaky diplomatik işini tamamlaýar

MilliInfo

31-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Aşgabatdaky diplomatik missiýasyny tamamlaýan Tailand Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Apirat Sugondhabhiriň (oturýan ýeri Ankara ş.) arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda Türkmenistan bilen Tailand Patyşalygynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ösüş derejesine baha berdiler.

Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny berkitmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Diplomatlar halkara guramalarynyň, hususan-da, BMG-niň çäginde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeliligini bellediler. Türkmen tarapy ýakyn günlerde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň taýýarlyk görmekde Tailandyň goşandyny nygtady.

Mundan başga-da, taraplar medeni-ynsanperwer ugurda türkmen-tailand gatnaşyklarynyň ösüşiniň geljegi barada pikir alyşdylar. Tailand tarapyndan iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gatnaşyklary ýola goýmaga isleg beýan edildi.

Türkmen tarapy Türkmenistan bilen Tailand Patyşalygynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge goşan goşandy üçin Ilçi Apirat Sugondhabhire minnetdarlygyny bildirdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info