25-nji fewralda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda maşgala bolup tomaşa etmek üçin niýetlenen «Multkonsert» geçiriler.
Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky orkestriň ýerine ýetirmegindäki sazyň astynda teatryň sahnasynda «Disney» we «Pixar» kinokompaniýalarynyň meşhur multfilmleriniň gyzykly dünýäsine aralaşmak sizde täsin duýgulary döreder. Olaryň arasynda «Moana», «Enkanto», «Şrek» we beýleki multfilm gahrymanlary bolar.
Tomaşaçylaryň öňünde sazanda bolmagy arzuw edýän Kokonyň syry açylar, şeýle hem öý haýwanlarynyň başdangeçirmelere baý durmuşy janlanar.
«Multkonserte» bilelikde tomaşa etmek hem çagalara, hem ene-atalara uly lezzet berer.
Konsert sagat 19:00-da başlanýar.
Petekleri satyn almak boýunça şu telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz: 55-90-15, +99362 53-28-71.