«Talyp Sport» — basketbol boýunça ýurdumyzyň Kubogynyň eýesi

MilliInfo

3 sagat öň

Basketbol boýunça erkekleriň arasyndaky Türkmenistanyň Kubogy jemlendi.

Düýn — 28-nji dekabrda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda Kybok ugrundaky ýaryşyň üçünji orun ugrundaky duşuşygy hem-de finaly geçirildi. Şeýlelikde, üçünji orny «Aşgabat» kluby eýeledi.

Aýgytlaýjy oýun bolsa «Talyp Sport» hem-de «Galkan» toparlarynyň arasynda geçdi. Dartgynly geçen oýun «Talyp Sport» basketbol toparynyň peýdasyna tamamlandy — 78:66.

Täsirli aýdym-sazlaryň ýaňlanmagy duşuşygyň has-da şowhunly geçmegini üpjün etdi. Şeýlelikde, «Talyp Sport» ýurdumyzyň Kubogynyň nobatdaky eýesi hökmünde bellige alyndy.

Bu ýerde ýeňiji bolan kluba hem-de baýrakly orunlary eýelän toparlara Kubogyň we medallaryň gowşurylýan pursaty has-da ýatda galyjy boldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info