Ýurdumyzyň orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «IT-Zehin: Sanly Synag – 2026» Hakaton bäsleşigi yglan edildi. Bäsleşik şu ýylyň 20-21-nji aprelinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda onlaýn tertibinde geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Şunlukda, gatnaşmak isleýän ýurdumyzyň orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary 6-njy aprele çenli institutyň bellenen elektron salgysynda hasaba alynmalydyr: sedahojayev06@gmail.com
«IT-Zehin: Sanly Synag – 2026» Hakaton bäsleşigine 2025-2026-njy okuw ýylynda ýurdumyzyň orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplar gatnaşyp bilerler. Ol toparlaýyn we aýratynlykda gatnaşylýan bäsleşik görnüşinde geçip, topar agzalary üç talypdan ybarat bolmalydyr. Bäsleşige ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdepleriniň her birinden bir toparyň gatnaşmagyna rugsat berilýär. Şunda gatnaşyjylara test sowallaryna jogap bermek üçin 1 sagat wagt berler.
«IT-Zehin: Sanly Synag – 2026» Hakaton bäsleşikde ýatda saklaýjy gurluşlary, şeýle hem el telefonlary ulanmak gadagan edilýär.
Habarlaşmak üçin tel.:+99362665547