Türkmenistanyň gümrük gullugynyň hünärmenleri töwekgelçilikleri dolandyrmagyň döwrebap usullaryny özleşdirýärler

MilliInfo

1 sagat öň

Türkmenistanyň gümrük gullugynyň hünärmenleri töwekgelçilikleri dolandyrmagyň döwrebap usullaryny özleşdirýärler

16-18-nji sentýabr aralygynda Aşgabatda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezinde gümrük işinde töwekgelçilikleri dolandyrmagyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga bagyşlanan üç günlük okuw sapaklary geçirildi. Çäre Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän «Ready4Trade Merkezi Aziýa: Hazarüsti ulag geçelgesi arkaly abadançylygy ösdürmek» taslamasynyň çäklerinde Halkara söwda merkezi (HSM) tarapyndan guraldy.

Okuwa Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň 30-dan gowrak hünärmeni gatnaşdy. Üç günüň dowamynda olar gümrük gözegçiliginiň dürli tapgyrlarynda töwekgelçilikleri seljermegiň we bahalandyrmagyň döwrebap usullaryny, ýagny ýükler barmaly ýerine gelmezinden öň maglumatlary deslapky işlemekden we seljermekden başlap, harytlar goýberilenden soň amala aşyrylýan gümrük gözegçiligine çenli bolan çemeleşmeleri öwrendiler. Maglumatlaryň hilini bahalandyrmaga, pudagara hyzmatdaşlyga, dürli ýurtlaryň gümrük edaralarynyň arasynda maglumat alyş-çalşygyna, şeýle hem töwekgelçilikleri dolandyrmak üçin öňdebaryjy sanly ulgamlary ornaşdyrmaga aýratyn üns berildi.

Okuwyň dowamynda gatnaşyjylar mümkin bolan töwekgelçilikleri has takyk ýüze çykarmak üçin emeli aňy, maşyn öwrenişini we uly maglumatlar seljermesini ulanmagyň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar. Okuwyň amaly bölegi gümrük edaralarynyň hakyky iş şertlerine ýakynlaşdyrylan model ýagdaýlaryň esasynda guraldy. Gatnaşyjylar deklarasiýalary we ulag resminamalaryny seljerdiler, ýükler, ugurlar, iberijiler we ýük alyjylar baradaky maglumatlary deňeşdirdiler, töwekgelçilik ölçeglerini kesgitlediler we goşmaça gözegçiligiň zerurlygy barada çözgüt kabul etdiler. Şeýle görnüşdäki amaly işler alnan bilimleri anyk mysallaryň üsti bilen berkitmäge mümkinçilik berdi.

Töwekgelçilikleriň seljermesine esaslanýan gümrük gözegçiligini kämilleşdirmek Hazarüsti ulag geçelgesiniň ugry boýunça serhetaşa söwdany ýeňilleşdirmek boýunça işleriň ugurlarynyň biridir. Maglumatlary seljermegiň we maglumat alyş-çalşygynyň döwrebap gurallarynyň ösdürilmegi harytlaryň has netijeli hereketine hem-de sebit ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär. 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info