Hojalyk harytlarynyň eleýeterli bahadan hödürlenýän ýerini bilýäňizmi? Biz bu ugurda size ygtybarly söwda nokadyny salgy berip bileris.
«TamRahat» dükany biziň gündelik ulanýan harytlarymyzyň uly toplumyny hödürleýär. Ýokary hili hem-de özboluşly bezegleri bilen tapawutlanýan ajaýyp önümler öýleriňiziň, howlularyňyzyň has-da özboluşly görünmegini, şol bir wagtyň özünde hem, her bir işde siziň üçin ykjamlygy üpjün eder. Çünki «TamRahat» dükanynda öý-ojak, aşhana hem-de howly üçin zerur önümleriň ählisi diýen ýaly tapylýar. Aşhanalarda ulanylýan esbaplaryň ählisi, özboluşly stili bilen tapawutlanýan hem-de adaty tarelkalar, dürli görnüşli çäýnekler, bezeg serişdeleri, owadan dekorasiýalar, täsin wazalar, bezeg gülleriniň nusgalary, öýlerimizi arassalamak üçin niýetlenen önümler bu ýerde hödürlenýän harytlaryň üstüni ýetirýär.
Elbetde, dükanda hödürlenýän harytlaryň «şalaryň köşgündäki ýaly» kaşaň önümler däldigini bellemek gerek. Çünki bu ýerde hödürlenýän gurallardyr esbaplar ulanyjylaryň rahatlygy, ygtybarly peýdalanmagy üçin niýetlenendir. Şolaryň hatarynda saçak başynda özboluşly stil döretmek üçin niýetlenen özboluşly gap-gaçlar hem az däl. Uzak wagtlap ulanmak üçin niýetlenen harytlar hili boýunça atly brendleriň hiç birinden kem däl. Munuň özi «TamRahat» dükanynyň hojalyklarymyza iň gerekli hili hem görnüşleri hödürlemek ugrundaky irginsiz aladalarynyň netijesidir. Şunlukda, ajaýyp söwda nokadynda hojalyk harytlarynyň ýüzlerçe görnüşi hödürlenilýär.
«TamRahat» dükany 25-nji sentýabrda işläp başlady. Şol günden bäri bu ýerde Hytaý Halk Respublikasyndan getirilen ajaýyp önümleriň uly toplumy hödürlenip, olaryň elýeterli bahalardan goýulmagy eýýäm ajaýyp dükanyň ildeşlerimiziň gelim-gidimli ýerine öwrülmegine getirdi.
Dükan hojalyk maksatly sowgatlyk önümleriň hem birnäçesini özünde jemleýär. Şeýle harytlar ýetip gelýän Täze ýyl baýramy mynasybetli ýakynlaryňyz üçin taýýarlajak sowgatlaryňyzyň üstüni ýetirip biler.
Salgysy: Aşgabat şäheri, 6-njy kiçi etrapçasy (mikroraýon), Sona Myradowa köçesi, 1-nji geçelde, 24-nji jaý.
Instagram: @tamrahat.store
Telefon belgileri: 136010 / 136020