Tanzaniýaly boksçyny ýeňen türkmen türgeni Hursant Imankuliýew «WBC Eurasia» guşagynyň eýesi boldy

MilliInfo

Türkmenistanly boksçy Hursant Imankuliýew Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherindäki «Humo» arenasynda geçirilen möhüm duşuşykda güýçli garşydaşyny — tanzaniýaly Adam Daçany ýeňlişe sezewar etdi.

Ildeşimize bäsdeş boksçyny tehniki nokaut etmek üçin bary-ýogy 2 minut 39 sekunt ýeterlik boldy. Şunlukda, garşydaşyny birinji raundda seňseletmegi başaran Hursant bassyr 8-nji ýeňşine ýetdi. Nobatdaky ýeňşinden soň, türkmenistanly ýeňilmezek boksçy abraýly «WBC Eurasia» guşagynyň eýesi hökmünde bellige alyndy.

Biz ildeşimizi ajaýyp üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Onuň professional boksdaky taryhy ýeňişleriniň dowamly bolmagyny arzuw edýäris.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info