1845-nji ýyl. Sankt-Peterburg bilen Moskwanyň arasynda gurulýan demirýol üçin ilkinji rus magistral bug lokomotiwi öndürildi.
1906-njy ýyl. Beýik Britaniýada hereketli kinofilmler üçin sesleri ýazga almagyň usuly patentlendi.
1909-njy ýyl. Gämiden dünýädäki ilkinji SOS tolkuny ugradyldy.
1926-njy ýyl. Kodak reňkli fotoplýonkanyñ üstünde işläp başlandygyny habar berdi.
1959-njy ýyl. Moskwada «Şeremetýewo» howa menzili açyldy.
1960-njy ýyl. Fransiýanyň Çad koloniýasy garaşsyzlygyny gazandy we Çad Respublikasy boldy.
1999-njy ýyl. 20-nji asyryň iň soňky gün tutulmagy bolup geçdi. Muny Ýewropanyñ we Aziýanyň ýaşaýjylary synlap bildiler.
2008-nji ýyl. Esaslandyryjylaryň üçüsi tarapyndan döredilip, häzirki wagtda Airbnb ady bilen tanalýan daşary ýurtda otel gözlemek üçin niýetlenen Airbedandbreakfast.com platformasy işe girizildi.
2016-njy ýyl. Alymlar 392 ýaşyndadygy çaklanylýan iň gadymy Grenlandiýa akulasyny tapdylar.

