Düýn — 21-nji dekabrda taryhy eserleriň ussady, rowaýata öwrülen türkmen ýazyjysy Atajan Tagan aradan çykdy. Merhumyň jaýy jennet bolsun, Allatagala oňa iman baýlygyny bersin.
Ussat ýazyjy Atajan Tagan 1940-njy ýylyň 15-nji maýynda Mary welaýatynyň Murgap etrabynda daýhan maşgalasynda dünýä inýar. Kakasy Tagan Öwez 1943-nji ýylda Beyik Watançylyk urşunda Orýol şäherinde wepat bolýar. Geljekki ýazyjy Mary şäherindäki 10-njy orta mekdebi tamamlaýar. Okuwynyň arasynda iki ýyl goşun gullugynda bolýar we 1967-nji ýylda Moskwanyň Edebiýat institutyny tamamlaýar. Şol ýyl hem Türkmenistan Ýazyjylar guramasy ony Moskwa şäherine SSSR Ýazyjylar birleşigine türkmen edebiýaty boýunça geňeşçi wezipesine işe ýollaýar. Atajan Taganow 1993-nji ýyla çenli zähmet çekýär we şondan Türkmenistana gaýdyp gelýär.
Atajan Tagan türkmen, rus, bolgar, täjik, gyrgyz dillerinde çap edilen 15-den gowrak kitabyň awtory. Onuň eserleri meşhur žurnallaryň birnäçesinde çap edilýär, hekaýalarynyň ençemesi (esasan hem, «Uruş haçan gutarýar» hekaýasy) dünýä dilleriniň onlarçasyna terjime edilýär. Hekaýa žanrynyň ussady hökmünde Berlinde we Budapeştde Atajan Taganyň ýörite «Hekaýa agşamy» geçirilýär.
Atajan Taganyň eserleriniň esasynda «Babagambaryň gaýdyp gelmegi», «Takdyr», «Tentek», «Ogul» («Ak maýanyň ýoly») ýaly çeper filmler surata düşürilýär, «Söýginiň haky üçin» («Uruşdan soňky söweş»), «Padymanyň tallary», «Gaýnene» (Gyrgyzystanda hem sahnada goýulýar), «Iň owadan gyz» spektakllary teatrlaryň sahnasynda hödürlenilýär. Onuň «Keseki» («Pereňli ýesiriň ýatlamasy») atly taryhy romany esasynda döredilen spektakl köp ýyllar bäri Aşgabadyň A.S.Puşkin adyndaky Rus döwlet drama teatrynyň sahnasyndan düşmän gelýär.
Atajan Taganyň «Serwi gelin» atly kitabynda öz beýanyny tapan taryhy we dürli temadaky powestdir hekaýalara hem aýratyn ünsi çekmek gerek. Bu ýygynda Atajan Taganyň okyjylara öňden belli bolan «Keseki» romany, «Ogul», « Uruş haçan gutarýar?» powestleri bilen birlikde, ýazyjynyň soňky ýyllarda döreden «Sallançak mukamy», «Serwi gelin» ýaly powestleri girizilipdir.
Ýazyjy Atajan Tagan XlX asyryň türkmen durmuşyny aýdyň şöhlelendirmegi başaran awtordyr. Onuň «Pereňli ýesiriň ýatlamalary» powesti, «Saragt galasy», «Keseki», «Taryhyň kelamy» romanlary 1855-nji, 1861-nji ýyllaryň uly söweşlerine bagyşlanýar. Şonuň üçin hem, bu eserlerde şol bir taryhy gahrymanlaryň hereket edýändigi tebigy ýagdaýdyr. Atajan Taganyň «Taryhyň kelamy» romanynda türkmen taryhynyň iň kynçylykly döwri bolan XlX asyryň wakalary çeper beýan edilýär.
Halypa ýazyjy Atajan Taganyň türkmen edebiýatynda öçmejek yz galdyran taryhy eserleri okyjylaryň uly söýgüsini gazandy. Olar halkymyzyň taryhyny öwrenmekde möhüm çeşmeleriň biri bolup, ösüp gelýän ýaş nesli watansöýjülik ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir.
Halypa ýazyjynyň türkmen edebiýatynda döreden ajaýyp keşpleri ýüreklerde ebedi ýaşar.