Kämilleşmek isleýäňmi: Täze innowasion taslama — «Täsir» bilim merkezi size garaşýar

MilliInfo

24 Noýabr, 2025

Düýn — 23-nji noýabrda paýtagtymyzyň 9-nji kiçi etrapçasynda ýerleşýän «Lezzetli» marketiniň binasynyň ikinji gatynda «Täsir» bilim merkezi açyldy. Merkeziň açylmagy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan dabara hemmeler üçin ajaýyp sowgat boldy. Baýramçylyk furşeti, garaşylmadyk sowgatlar hem-de çagyrylan myhmanlaryň çykyşlary bu ýerdäki täsirli pursatlaryň üstüni ýetirdi. Zehinli aýdymçymyz Döwran Şammyýewiň ýerine ýetiren aýdymlary dabara gatnaşyjylaryň göwnüni göterdi. Çagalar hem ulular üçin ýaýbaňlandyrylan bäsleşikler bolsa hakyky baýramçylyk ruhuny we ýakymly duýgulary döretdi.

Bilim merkezinde iň kämil şertler üpjün edilip, bu ýere gatnajaklar üçin niýetlenen okuw otaglarynyň bezegi hemmeleriň üns merkezinden ornuny tapýar. Şunlukda, ajaýyp innowasion taslama — «Täsir» bilim merkezi siziň kämilligiňiz üçin ygtybarly  çeşmedir.    

Täze bilim merkezi ýaşlara dil öwretmekde tejribeli mugallymlaryň mümkinçiliklerine daýanýar. Bu bolsa «Täsiriň» bilimi has täsirli hem täze derejä çykarýandygyny görkezýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo