Ahal we Balkan welaýatlarynyň ýaşaýjylary üçin gatnaw mümkinçiliklerini has-da ýeňilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň degişli edaralary tarapyndan Balkan welaýatynyň üç şäherinden paýtagtymyza uzaýan täze awtobus gatnaw ugurlary ýola goýuldy. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berildi.
Şeýlelikde, indi «Balkanabat — Aşgabat», «Bereket — Aşgabat» we «Gyzylarbat — Aşgabat» ugurlary boýunça täze awtobus gatnawlary halkymyza hyzmat eder.
Bu başlangyçlar ilatymyzyň bellenen ugurlar boýunça wagtyny tygşytlamagyna we has oňaýly şertlerde barjak menziline ýetmegine hyzmat eder. Pudagyň maddy-tehniki binýadynyň berkidilmegi diňe bir işiň netijeliligini däl, sürüjileriň iş we durmuş şertlerini hem düýpli özgerdýär.