Gatnaşmak üçin heniz giç däl: Täze Instagram sahypasyny açan Koreýa Respublikasynyň ilçihanasynyň sowgatly bäsleşigi dowam edýär

MilliInfo

Täze Instagram sahypasyny açan Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy koreý medeniýeti bilen bagly bäsleşigine başlady. Sowgatly bäsleşige 4 — 11-nji sentýabr aralygynda gatnaşyp boilersiňiz. Onuň ýeňijileri 12-nji sentýabrda ilçihananyň sahypasynda aýan ediler.

Bu platformada Koreýa baradaky täzelikleriň, medeni çäreler baradaky maglumatlaryň hem-de ilçihananyň işi boýunça habarlaryň, şol sanda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk taslamalarynyň yzygiderli ýerleşdiriljekdigini tassyklanylýar.

Ýeri gelende bellesek, iki döwletiň arasyndaky köpugurly gatnaşyklar mizemez binýada esaslanýar. Şol hyzmatdaşlyk ykdysady, medeni, bilim we ynsanperwer ugurlary öz içine alýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo