Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda täze maldarçylyk toplumy işe girizildi

MilliInfo

1-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Altyn halka» döwlet kärhanasynyň täze maldarçylyk toplumy ulanmaga berildi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň suw hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

...Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň döwrebaplaşdyrylan «Altyn halka» döwlet kärhanasynyň maldarçylyk toplumyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz mähirli garşylanyldy.

Ilki bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyz maldarçylyk toplumynyň edara binasyna baryp, bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdy. Iş otaglary zerur enjamlar, şol sanda kompýuterler, mebeller we beýleki degişli serişdeler bilen üpjün edilip, olar bu ugurda bildirilýän talaplara doly laýyk gelýär.

Soňra döwlet Baştutanymyz edara binasynyň sanly ulgam bölümine bardy. Bu bölümde toplumyň çäginde we önümçilik binalarynda alnyp barylýan işlere, idedilýän mallara sanly ulgam arkaly gözegçilik etmek üçin ähli şertler döredildi.

Maldarçylyk toplumynda saklanýan iri şahly mallar baradaky maglumatlar ýörite boýunbaglardaky çiplerde ýerleşdirilip, mallara berkidilýär. Çiplerde her malyň tohum ugry, saglyk ýagdaýy, gündelik sagylýan süýdüň mukdary, keselleriň öňüni almak boýunça geçirilýän çäreler we beýleki birnäçe maglumatlar jemlenendir.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew «Altyn halka» döwlet kärhanasynyň täze maldarçylyk toplumynyň işi barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, maldarçylyk toplumynyň işini döwrebap usulda alyp barmak, mallaryň idegini sanly ulgam arkaly dolandyrmak üçin edara, barlaghana, naharhana binalary hem-de jemi 500 baş maly saklamaga niýetlenen üç sany bölüm, 200 baş göle saklanýan iki bölüm, sagym bölümi, ot-iým meýdançasy, ýapyk görnüşli iým ammary hereket edýär. Şeýle hem weterinariýa we karantin binalary, oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary, ýöriteleşdirilen awtoulaglary saklamak üçin kömekçi desgalar bar.

Wise-premýer hormatly Prezidentimize Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde gurulmagy teklip edilýän, ýylda 15 million ýumurtga we 1000 tonna towuk etini öndürýän guşçulyk hem-de 1000 baş iri şahly maly saklamaga niýetlenen maldarçylyk toplumlarynyň taýýarlanan şekil taslamalary barada-da hasabat berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz barlaghana bölümi bilen tanyşdy. Bu ýerde hünärmen bölümde ornaşdyrylan enjamlar bilen tanyşdyrdy. Bellenilişi ýaly, barlaghanada Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Ýaponiýanyň, Germaniýanyň, Polşanyň, Bolgariýanyň ýokary hilli enjamlary ornaşdyryldy. Olar taýýarlanylýan iýmleriň, goşundylaryň, däneli iýmleriň hilini we ýokumlylygyny tiz wagtda barlamaga, iýmleriň çyglylygyny anyklamaga, suwuklyklaryň turşulygyny kesgitlemäge, takyk ölçegleri geçirmäge, süýdüň ýaglylygyny, belogyny, dykyzlygyny, laktoza düzümini anyklamaga niýetlenendir.

Soňra döwlet Baştutanymyz toplumyň iri şahly mallary saklamak üçin niýetlenen birinji bölümine hem-de sagym bölümine baryp gördi. Bu bölümde bir wagtyň özünde 40 baş sygyrdan önüm almaga mümkinçilik bar.

Döwlet Baştutanymyz maldarçylyk toplumynyň gezim meýdançalarynda iri şahly mallary synlady. Mallaryň ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşmaklary üçin toplumyň bölümlerinde kadaly temperatura, çyglylyk derejesi üpjün edilýär.

Hormatly Prezidentimiz toplumyň ýaş göleleri hem-de ene mallary saklamak üçin niýetlenen bölümlerine hem baryp gördi. Bu ýerde täze doglan gölejikler üçin ýörite agyllar gurnalypdyr.

Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ot-iým saklanýan ammara baryp, iýmleriň görnüşleri bilen tanyşdy. Toplumda iri şahly mallar üçin ot-iýmleriň dürli görnüşleri taýýarlanylýar.

Ýeri gelende nygtasak, toplumyň umumy meýdany 375 gektara barabar bolup, şonuň 9 gektardan gowrak çäginde degişli desgalar ýerleşýär, 365 gektardan gowrak çäginde bolsa mallar üçin ot-iýmlik ekinleri ýetişdirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Toplumyň mallaryny ot-iým bilen bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen, häzirki wagtda 164 gektar meýdana däneli ekinler, 47 gektar meýdana bolsa ýorunja ekildi. 74 gektar ýere ekilen mekgejöwen orlup, silos ammaryna ýerleşdirildi we onuň ýerine däneli ekinler ekildi.

Döwlet Baştutanymyz maldarçylyk toplumynyň ýolbaşçysyna täze satyn alnan kuwwatly tehnikalaryň we awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy. Şolaryň hatarynda ABŞ-nyň «John Deere» kompaniýasynyň kuwwatly traktorlary, däne ýygyjy we ot orujy kombaýnlary, dürli görnüşli oba hojalyk gurallary, Hytaý Halk Respublikasynda, Ýaponiýada öndürilen ýöriteleşdirilen awtoulaglar, tehnikalar hem-de ýeňil awtoulaglar bar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz tanyşlygyň dowamynda toplumyň kömekçi desgalaryny synlady. Olarda döredilen mümkinçilikler toplumyň işini ýokary derejede guramaga hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýändigini tassyklaýar. Soňra döwlet Baştutanymyz toplumyň weterinariýa bölümine baryp, onuň enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr» Türkmen köli aragatnaşyk we gözegçilik dolandyryş edarasyna geldi. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde Hytaý Halk Respublikasynyň «Shantui Construction Machinery FZE» kompaniýasyndan täze satyn alnan tirkeg çekiji we ýangyç daşaýjy awtoulaglaryň, ekskawatorlaryň tehniki aýratynlyklary bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde maldarçylyk pudagynyň täze desgasynyň işe girizilmeginiň, şeýle hem suw hojalygy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrjak täze tehnikalaryň satyn alynmagynyň aýratyn mana eýedigini belledi.

Şeýlelikde, täze maldarçylyk toplumy hem-de suw hojalygyna degişli täze satyn alnan döwrebap tehnikalar hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda oba hojalyk pudagyny döwrüň talaplaryna laýyklykda diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge gönükdirilen öňdengörüjilikli strategiýanyň üstünliklere beslenýändiginiň ýene-de bir aýdyň mysaly boldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo