Täze material diwarlaryňyzyň ses geçmezligini üpjün eder

MilliInfo

11 Awgust, 2025

Şweýsariýanyň EMPA institutynyň alymlary ses geçirmeýän materiallaryň täze neslini esaslandyrdylar. Adaty ses geçirmeýän gatlaklardan dört esse inçedigine garamazdan, täze material şol önümler bilen deň derejedäki täsire eýelik edýär. Gipsden ýa-da sementden öndürilen mineral köpükler esasynda, tehnologiýa köçeden gelýän galmagaly ep-esli azaldyp biler.

Materialyň syry onuň gatlaklardan ybarat bolan gurluşynda we köp sanly gözeneklerinde jemlenýär. San taýdan modelirlemegiň kömegi bilen alymlar gurluşy zerur ýygylyklara takyk sazlap bilerler. Bu bolsa tehnologiýany awtoulaglara ýa-da otaglara mahsus bolan sesleri peseltmek boýunça ulanmak mümkinçiliginiň üstüni ýetirer.

Sýurihde geçirilen synaglarda köçä bakýan hususy howlynyň girelgesine bary-ýogy 5,5 sm galyňlykdaky paneller oturdyldy. 12 inedördül metr meýdanyň täze material bilen örtülmegi awtoulaglardan çykýan sesiň derejesini 4 dB çenli azaltdy. Bu material, esasan hem, ýakynlaşýan we geçip gidýän awtoulaglaryň seslerini azaltmakda has kämil hasaplanyldy. Şol sebäpden hem, geljegiň ähmiýetli tehnologiýasy hökmünde ykrar edildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo