Şanly toýa sowgat: Ýurdumyzyň teatrlary täze sahnalaryny we ilkinji görkezilişlerini hödürleýärler

MilliInfo

17 Sentýabr, 2025

Ýurdumyzyň teatrlary hem-de sirkleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramyna täze oýunlaryň we sirk tomaşalarynyň ençemesini sowgat etdiler. Şunlukda, bagtyýar watandaşlarymyz şanly ýylymyzyň 17 — 28-nji sentýabry aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda hem-de sirklerinde täze sahna oýunlarynyň ilkinji görkezilişlerine tomaşa edip bilerler. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň başlygy Agamyrat Baltaýewiň ministrligiň resmi saýtynda ýerleşdirilen makalasynda beýan edildi.

  • Baş baýramçylyga Türkmenistanyň Baş akademiki drama teatry dramaturg G.Daňatarowyň «Tumar şa» atly pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan spektakl bilen geldiler.

  • Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda ýazyjylar Hydyr hem-de Ylýas Amangeldiýewleriň taýýarlan pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Gurbannazar Ezizow» atly täze sahna oýny bagtyýar watandaşlarymyza hödürlenýär.

  • Türkmenistanyň milli Alp Arslan adyndaky drama teatry sungat muşdaklaryny dünýä nusgawy edebiýatynyň görnükli wekilleriniň biri, belli gyrgyz dramaturgy Çingiz Aytmatowyň «Söweşe garşy söweş» atly sahna oýny ilkinji görkezilişini guraýar.

  • Arkadag şäheriniň A.Gulmämedow adyndaky döwlet drama teatry Türkmen halkynyň Milli Lideri gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romany esasynda «Pederler ýoly» atly täze sahna eserini teatr muşdaklaryna sowgat getirdi.

  • Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry şanly baýramçylyk mynasybetli belli şahyr, akademik A.Kekilowyň eseri esasynda sahnalaşdyrylan «Söýgi» atly sahna oýnuny ýaşlara sowgat edýär.

  • Türkmen döwlet gurjak teatry baýramçylyk günlerinde bagtyýar çagalar üçin sahnalaşdyrylan «Mährem ene» atly sahna oýny bilen gapylaryny giňden açar.

  • A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry B.Mämmedowyň «Juwan kalbym joşanda» atly sahna oýny bilen tomaşaçylary garşy alar.

    Mukaddes Garaşsyzlyk baýramy welaýatlarymyzyň teatrlarynyň sahnalarynda hem giňden dabaralanyp, tomaşaçylarda ýatdan çykmajak ruhy joşguny döreder.

  • Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda Dramaturg G.Daňatarowyň «Watan jandan eziz» atly sahna oýny watandaşlarymyza görkeziler;

  • Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda «Gaýduwsyz serkerde»,

  • Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda «Watan gerçegi»,

  • Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda ««Biz öýlenmäge taýýar» atly sahna oýunlary teatr muşdaklaryna ilkinji gezek görkeziler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info